Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdilerTürkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.

Almaty şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildiAlmaty şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Almaty şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Almaty şäherinde ýerleşýän Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy – Gündogar edebiýatynyň söz ussady» atly halkara maslahat gurady.

Future Skills4All Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýärFuture Skills4All Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär

Future Skills4All Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär

BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy Bilim taslamasy bilen hyzmatdaşlykda türkmenistanly ýaşlaryň bilim almak we hünär başarnyklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen Future Skills4All başlangyjyna goşulýar. Hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça bu başlangyç Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetçilikleri ilerletmek” atly sebit taslamanyň Türkmenistan boýunça şahamçasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

FutureSkills4All: Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş bilen üpjünçiligi we durnuklylygynyň ýokarlanmagy üçin mümkinçilikleri artdyrmakFutureSkills4All: Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş bilen üpjünçiligi we durnuklylygynyň ýokarlanmagy üçin mümkinçilikleri artdyrmak

FutureSkills4All: Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş bilen üpjünçiligi we durnuklylygynyň ýokarlanmagy üçin mümkinçilikleri artdyrmak

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) BMGÖM-iň Bilim Taslamasy bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşlar we zenanlar üçin bilim almak hem-de hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak mümkinçiligini döretmek arkaly ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik mümkinçiligini giňeltmek üçin «FutureSkills4All» başlangyjyna goşulýar. Başarnyklary ösdürmek boýunça bu başlangyç Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we Türkmenistandaky BMGÖM hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilatyny durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň (ZEÖA) öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri ösdürmek» taslamasynyň ýurt boýunça düzüminiň çäginde amala aşyrylýar.