HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary özara hyzmatdaşlygyň ýollaryny beýan etdiler

Oktýabr 12, 2024 | 20:05 |9240
12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabada gelen Mongoliýanyň Daşary işler ministri Batseseg Batmunhiýn bilen duşuşyk geçirdi.12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabada gelen Mongoliýanyň Daşary işler ministri Batseseg Batmunhiýn bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabada gelen Mongoliýanyň Daşary işler ministri Batseseg Batmunhiýn bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu saparyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ähmiýetini bellediler.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle-de Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýolbaşçylygyndaky Mongoliýanyň wekiliýetiniň düýn Aşgabatda geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary tarapyndan kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada Mongoliýanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli maslahat beriş duşuşyklaryny we özara saparlar arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ylalaşyk gazananlygy bellenilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026