

Türkmen hünärmenleri jemgyýetçilik saglygyny goramak boýunça iş toparynyň mejlisine gatnaşdy
25-nji maýda GDA-nyň baş edarasynda Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň arasynda saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlyk konsepsiýasyny täzelemek boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Onuň işine Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berildi.



















