

«Antiplagiat» programmasy indi diňe tekstleriň gabat gelmegini däl, eýsem olaryň manysyny hem barlar
Ýüklenen tekstleriň hiç ýerden alynmandygyny barlaýan Russiýanyň «Antiplagiat» programmasy indi dünýäniň 100 dilinde elýeterlidir. Mundan başga-da, Milli tehnologiki başlangyçlar taslamalaryna goldaw bermek Gaznasynda belleýişleri ýaly, indi programma diňe bir tekstleri işlemän, eýsem onuň manysyny hem işlär - diýip, TASS habar berýär.



















