

Kazanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirildi
3-nji iýunda bellenip geçilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy (Kazan ş.) welosipedli ýöriş gurady.


3-nji iýunda bellenip geçilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy (Kazan ş.) welosipedli ýöriş gurady.


Her ýylda 31-nji maýda bellenip geçilýän Bütindünýä temmäkisiz güni mynasybetli BSGG-nyň Türkmenistandaky ýurt edarasy ýaşlar maslahatyny geçirdi.


Anna güni, 2-nji iýunda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $298,8 müň amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT habar berdi.


Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri utgaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi. Degişli Karara Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara toparyny döretmek hakynda karara gol çekdi - diýip, TDH habar berýär.


Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasynda dürli görnüşdäki yzygiderli duşuşyklar, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly goldanylýan ýokary derejeli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy – diýip, türkmen wise-premýeri Nurmuhammet Amannepesow Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň başlygynyň penşenbe güni Çolpon-Atada geçirilen sammitinde eden çykyşynda aýtdy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi. Duşuşykda ol döwlet Baştutanyna Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.


Karaçi moda hepdeligi – 2023, Pakistanyň iň uly şäherleriniň biri bolan Karaçi şäherinde tamamlandy. Moda görkezişi ýurduň moda pudagynda esasy waka we musulman dünýäsinde 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän iň uly moda görkezişidir.


“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Hasyl” myhmanhanasynda anna güni kuwwatlylygy 370 kWt bolan gün elektrik stansiýasy işe girizildi. 29 gün paneli CO2 ekwiwalentinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny ýylda 104 tonna barabar azaltmaga kömek eder diýip, çärede hünärmenler bellediler.


Hywa şäherine abraýly «Ýylyň yslam ugry» baýragyny gowşurmak dabarasy, Singapurdaky «Halal in Travel Global Summit 2023» sammitinde geçirildi. Oňa özbek wekiliýeti hem gatnaşdy. Dalaşgärlere baýraklar Singapuryň «Crescentrating Pte. Ltd.» kompaniýasy tarapyndan gowşuryldy. Ol her ýyl halal syýahatçylygynyň özüne çekijiligi boýunça daşary ýurtlara baha berýär we sylaglaýar diýip, «Dunýo» HA habar berýär.


Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň prezidentiniň ikinji duşuşygy geçirildi. Oňa Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow gatnaşdy.


Rus diliniň güni we beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň doglan güni mynasybetli baýramçylyk çäresi 4-nji iýunda paýtagtyň "Aşgabat" seýilgähinde geçiriler.


Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Tokioda Ýaponiýanyň NEXI H Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryşy agentliginiň ýerine ýetiriji direktory we uly baş müdiri Urata bilen duşuşdy.


«Müňýyllyklaryň ýodasy bilen: Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň daş asyrynyň ýadygärlikleri boýunça» taslamasynyň çäklerinde Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň daş asyrynyň meşhur ýadygärlikleri boýunça ilkinji wirtual gezelenç çap edildi. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.


Android we iOS üçin «Яндекс Клавиатура» goşundysyna «neýroswaýpy» goşdular – ol emeli intellekti ulanmak arkaly teksti üznüksiz girizmek usulydyr. Ol ýalňyşlaryň sanyny azaltmalydyr we tekstiň girizilmegini 30% tizleşdirmelidir, ýöne entek neýroswaýp diňe rus klawiaturasy üçin elýeterlidir.