HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rus diliniň güni Aşgabatda baýramçylyk çäreleri bilen belleniler

Iýun 02, 2023 | 19:29 |11767
Rus diliniň güni we beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň doglan güni mynasybetli baýramçylyk çäresi 4-nji iýunda paýtagtyň "Aşgabat" seýilgähinde geçiriler.Rus diliniň güni we beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň doglan güni mynasybetli baýramçylyk çäresi 4-nji iýunda paýtagtyň "Aşgabat" seýilgähinde geçiriler.
Çeşme: orient.tm

Rus diliniň güni we beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň doglan güni mynasybetli baýramçylyk çäresi 4-nji iýunda paýtagtyň "Aşgabat" seýilgähinde geçiriler.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we paýtagtyň myhmanlarynyň söýgüli dynç alyş künjegine öwrülen bu ýerde irden (10:00) tematiki ussatlyk sapaklary başlar, A.S.Puşkiniň "Altyn balyk" ertekisine esaslanýan interaktiw sahnalaşdyrma guralar, şeýle hem rus şahyrynyň eserleri boýunça gyzykly bäsleşikler we sorag-jogaplar geçiriler.

Çäräni guraýjy - Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölümi hemmeleri baýramçylyk çäresine gatnaşmaga çagyrýar. Metbugat habarnamasyna görä, işjeň gatnaşan myhmanlar baýraklara mynasyp bolarlar. Rus diliniň halkara güni BMG-niň karary bilen her ýyl 6-njy iýunda - beýik rus şahyry, häzirki zaman rus edebi dilini esaslandyryjy Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň doglan gününde bellenilýär. Rus dili iňlis, arap, ispan, hytaý we fransuz dilleri bilen birlikde BMG-nyň alty resmi diliniň biridir. Halkara guramalardaky statusy boýunça rus dili iňlis, fransuz we ispan dillerinden soň dördünji orunda durýar we 15 iri halkara guramanyň resmi ýa-da iş dili hasaplanýar, bular ilkinji nobatda BMG we onuň düzüm guramalarydyr (BSGG, UNESKO, IAEA, FAO, UNIDO we ş.m.) .

Rus dilinde gürleýänleriň sany boýunça ol iňlis, hytaý, hindi, ispan, arap, bengali we fransuz dilinden soň dünýäde sekizinji orunda durýar (258 million adam). 12 dünýä dili üçin global bäsdeşlik ukyby indeksi (GK-Index) boýunça rus dili bäşinji ýeri eýeleýär (2.86).

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026