HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Bütindünýä temmäkisiz gününi bellediler

Iýun 03, 2023 | 01:40 |7165
Her ýylda 31-nji maýda bellenip geçilýän Bütindünýä temmäkisiz güni mynasybetli BSGG-nyň Türkmenistandaky ýurt edarasy ýaşlar maslahatyny geçirdi.Her ýylda 31-nji maýda bellenip geçilýän Bütindünýä temmäkisiz güni mynasybetli BSGG-nyň Türkmenistandaky ýurt edarasy ýaşlar maslahatyny geçirdi.
Çeşme: instagram.com / @who_turkmenistan

Her ýylda 31-nji maýda bellenip geçilýän Bütindünýä temmäkisiz güni mynasybetli BSGG-nyň Türkmenistandaky ýurt edarasy ýaşlar maslahatyny geçirdi.

Çäre temmäkini çekmegiň netijelerini, bu howpa garşy göreş çärelerini ara alyp maslahatlaşmagyň meýdançasy boldy. Oňa gatnaşyjylar şeýle hem ýaşlary we çagalary passiw çilim çekmekden nähili goramalydygyny öwrendiler.

Bütindünýä temmäkisiz güni — temmäkini islendik görnüşde sarp etmegi azaltmaga ýardam etmek üçin her ýyl geçirilýän kampaniýadyr. Ol Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan (BSSG) 1987-nji ýylda döredilipdi.

2023-nji ýylyň 31-nji maýynyň temasy — «Temmäkini däl-de, azygy ýetişdireliň». Bu şygar temmäki senagatynyň bütindünýä azyk çökgünliginiň ösmeginde nähili orun eýeleýändigine bagyşlanandyr. Kampaniýa hökümetleri temmäkiniň ösdürilip ýetişdirilmegine pul kömegini bermekden ýüz döndermegiň zerurdygyny ynandyrmaga we tygşytlanan serişdeleri oba hojalyk kärhanalaryna has durnukly ekinleri ýetişdirmäge geçmäge ýardam etmäge gönükdirilendir, şeýlelik bilen azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga we adamlaryň iýmitlenmegini gowulandyrmaga niýetlenendir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026