

Mirziýoýewi Özbegistanyň prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba aldylar
Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary häzirki prezidenti Şawkat Mirziýoýewi döwlet baştutanynyň möhletinden öňki saýlawlara dalaşgär hökmünde hasaba aldy.


Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary häzirki prezidenti Şawkat Mirziýoýewi döwlet baştutanynyň möhletinden öňki saýlawlara dalaşgär hökmünde hasaba aldy.


ÝUNESKO tarapyndan her ýylyň iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän Bütindünýä ertirlik gününiň çäklerinde Türkiýäniň ilçisiniň Aşgabatdaky rezidensiýasynda türk ertirligi hödürlendi.


Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky ilçisiniň maşgalasy Dubrawka Ýowanowiç türkmen paýtagtyny bagy-bossanlyga öwürmekde goşan goşandy üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem ýurduň Agrar partiýasynyň hormat hatlaryna mynasyp boldy.


Türkiýäniň gaýtadan saýlanylan baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyndan we Çankaýa köşgündäki resmi agşamlyk naharyndan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Esenboga Halkara howa menzilinde türk işewürleri bilen söhbetdeş boldy – diýip, TDH habar berýär.


OPEK guramasyna girýän agza-ýurtlaryň çig nebiti çykarmagynyň umumy derejesi her gije-gündizde 40,46 mln barrele deň bolar. Degişli karar OPEK guramasynyň Wenada geçirilen 35-nji ministrler duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edildi.


Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlaryň kabul edilmegi üçin ses berdi, hususanda, gürrüň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda türkmen-azerbaýjan-türk ylalaşygyny tassyklamak hakynda barýar- diýip, türkmen mejlisiniň maslahatynyň jemleri boýunça TDH habar berýär.


Her ýylyň 5-nji iýunynda bellenip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň halkara gününe bagyşlap BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy Balkan welaýatynda birnäçe çäreleri geçirdi.


Olimpiýa şäherjiginiň tennis toplumynda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň dabaraly açylyşy boldy.


Türkmenistan Moskwada Russiýanyň ulag uniwersitetiniň esasynda geçen GDA agza-döwletleriň Utgaşdyryjy ulag maslahatynyň pudak geňeşleriniň 13-nji sessiýasyna wekilçilik etdi. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.


Özbegistan bilen Türkmenistan TIR karnet kitaplary esasynda halkara ýol ýük gatnawlarynyň elektron hasaba alnyşyna geçdiler – diýip, Newshub.uz Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä Odişa ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.


9-njy iýunda paýtagtyň «Aşgabat» kinoteatrynda rus kinosy we animasiýa hepdeliginiň dabaraly açylyşy bolar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýtsewa aýtdy.


Aşgabatda 5-nji iýundan 9-njy iýuna çenli ýakyn wagtda geçiriljek Merkezi Aziýa (U-12) tennis çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýnajak Ilkinji topary kesgitlenildi.


Rus diliniň gününe we A.S.Puşkiniň doglan gününe bagyşlanan dabaralar paýtagtyň «Aşgabat» seýilgähinde geçirildi.


Halkara ussat Saparmyrat Atabaýew Duşenbede tamamlanan zonal çempionatda üçünji orny eýeledi. Zona 3.4 Aziýa küşt federasiýasyny düzýän we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny we Owganystany öz içine alýan sekiz zonanyň biridir.