HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen küştçisi Merkezi Aziýa bilen Owganystanyň çempionatynda «bürünç» gazandy

Iýun 04, 2023 | 03:32 |8642
Halkara ussat Saparmyrat Atabaýew Duşenbede tamamlanan zonal çempionatda
üçünji orny eýeledi. Zona 3.4 Aziýa küşt federasiýasyny düzýän we Merkezi
Aziýanyň bäş ýurduny we Owganystany öz içine alýan sekiz zonanyň biridir.Halkara ussat Saparmyrat Atabaýew Duşenbede tamamlanan zonal çempionatda
üçünji orny eýeledi. Zona 3.4 Aziýa küşt federasiýasyny düzýän we Merkezi
Aziýanyň bäş ýurduny we Owganystany öz içine alýan sekiz zonanyň biridir.
Çeşme: Türkmenistanyň küşt federasiýasy tarapyndan berildi

Halkara ussat Saparmyrat Atabaýew Duşenbede tamamlanan zonal çempionatda üçünji orny eýeledi. Zona 3.4 Aziýa küşt federasiýasyny düzýän we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny we Owganystany öz içine alýan sekiz zonanyň biridir.

Üç küştçi, mümkin bolan 9-dan 6.5 nutuk toplap, açyk (erkekler) ýaryşynda birinji orny paýlaşdy. Bular özbek grossmeýsteri Nodirbek Ýakubboýew (FIDE reýting - 2630), Gazagystanyň halkara ussady Alişer Süleýmenow (2471) we Türkmenistandan Saparmyrat Atabaýew (2433). Goşmaça koeffisiýente görä, Özbegistanly Olimpiýa çempiony birinji setirde, Saparmyrat bolsa üçünji ýer bilen kanagatlanmaly boldy.

imgpsh_fullsize_anim (25).jpg

Gynansakda, Saparmyrat iýul aýynyň ahyrynda Bakuwda başlamaly Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin bary-ýogy bir ädim yzda galdy. Ondan başga-da, erkekler kategoriýasynda Türkmenistana doganlar-grossmeýsterler Maksat we Ýusup Atabaýewler, şeýle hem FIDE ussady Azat Nurmämmedow wekilçilik etdi. Olaryň hemmesi ýaryşy 9-dan 4,5 nutuk bilen tamamladylar.

Şeýle hem ýaryşa Rinat Jumabaýew (2590) we Murtas Kažgalew (2506, ikisi hem Gazagystanly) ýaly beýleki meşhur grossmeýsterler gatnaşdy. Jemi erkekler kategoriýasyna 3.4 zonanyň iň oňat 26 küştçisi gatnaşdy.

imgpsh_fullsize_anim (26).jpg

Küşt federasiýalarynyň dünýä reýtinginde 1-nji iýuna çenli Özbegistanyň erkekler topary 18-nji ýerde (Aziýada 3-nji), Gazagystan 45-nji, Türkmenistan 67-nji, Gyrgyzystan 75-nji, Täjigistan 90-njy orunda gelýar.

Ýaryşyň zenanlar kategoriýasynda biziň ýurdumyza Läle Şöhradowa, Merýem Agajanowa we Ogulsuraý Baýrambaýewa wekilçilik etdi. Bu ýerde Gazagystanyň türgenleri ýaryşyň soňky ýagdaýynda ilkinji 6 setirde jemlendiler.

imgpsh_fullsize_anim (27).jpg

Halkara arenasyndaky ilkinji tejribesine garamazdan, gatnaşyjylarymyzyň arasynda iň gowy netijäni mümkin bolan 9-dan 5 nutuk toplap, 9-njy orny eýelän Ogulsuraý Baýrambaýewa görkezdi. Şeýle hem ol öz Elo reýtingini 40 nutuk ýokarlandyrmagy başardy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026