Habarlar

Millionerleriň sany boýunça dünýä sanawynda Fransiýa üçünji ýeri eýelediMillionerleriň sany boýunça dünýä sanawynda Fransiýa üçünji ýeri eýeledi

Millionerleriň sany boýunça dünýä sanawynda Fransiýa üçünji ýeri eýeledi

Fransiýa ilkinji gezek millionerleriň sany boýunça dünýäde ilkinji 3-lige girdi we degişlilikde Amerika we Hytaýa ilkinji iki orny berdi. Şeýle-de bolsa, baýlygy bir million dollardan geçýän iň köp baý adam bolan ýurt hökmünde Ýewropada birinji ýeri eýeledi diýip, Şweýsariýanyň UBS bankynyň saýtynda çap edilen «Global maddy hal-ýagdaýy barada» hasabatynda aýdylýar.

Türkmen telekeçisi organiki dökünleriň önümçiligini ýola goýdyTürkmen telekeçisi organiki dökünleriň önümçiligini ýola goýdy

Türkmen telekeçisi organiki dökünleriň önümçiligini ýola goýdy

Türkmen telekeçisi Arslan Garajaýew daýhanlara we ekerançylara “Nourivit Plus” tehnologiýasy boýunça öndürilen organiki dökünleri hödürleýär. Ol Ahal welaýatynda ýerleşýän kärhanada topraga suwuk görnüşdäki organiki goşundylary öndürip başlady. Mikroorganizm medeniýeti bilen utgaşyklykda Nourivit Plus tebigy mineral goşundysy topragyň ýaramaz şertlerinde-de ekin hasylyny ep-esli ýokarlandyrýar.

Özbegistanda koronawirusy täsirsiz edýän süýt önümçiligi ýola goýuldyÖzbegistanda koronawirusy täsirsiz edýän süýt önümçiligi ýola goýuldy

Özbegistanda koronawirusy täsirsiz edýän süýt önümçiligi ýola goýuldy

Özbegistanyň Nukus şäherindäki “Panaev Farms” kärhanasynda koronawirus ýokanjyny zyýansyzlandyrýan süýt önümçiligi ýola goýuldy. Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu täsin oýap tapyş we önümçilik 2021-nji ýylda Wena lukmançylyk uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda Halkara molekulýar allergologiýa merkezinde geçirilen ylmy barlaglar esasynda ýola goýuldy.