Özbegistanda koronawirusy täsirsiz edýän süýt önümçiligi ýola goýuldy


Özbegistanyň Nukus şäherindäki “Panaev Farms” kärhanasynda koronawirus ýokanjyny zyýansyzlandyrýan süýt önümçiligi ýola goýuldy. Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu täsin oýap tapyş we önümçilik 2021-nji ýylda Wena lukmançylyk uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda Halkara molekulýar allergologiýa merkezinde geçirilen ylmy barlaglar esasynda ýola goýuldy.
Bu barlaglar özbek we hytaý alymlary tarapyndan işlenip taýýalanan “ZF-UZ-VAC2001” koronawirusa garşy sanjymyň Awstriýadan we Germaniýadan getirilen tohumlyk sygyrlara edýän täsirini öwrenmekden ybaratdy. Bu sanjym 3 gezek sygyrlara uruldy. Eýýäm ikinji sanjym urlandan soň, iki hepdäniň içinde sygyrlarda wirusa garşy göreşiji we ony zyýansyzlandyrýan antitela emele gelipdir.
“Immune Milk” diýlip atlandyrylýan bu täsin sygyr süýdi özüniň ýokumlylygyny 62,5 gradus temperaturada 30 minut saklaýar. “Panaev Farms” kompaniýasy bu süýdi geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri çäkli möçberde öndürip gelýär.
ORIENT news








