

Türkiýedäki festiwalda Türkmenistanyň güni bellendi
Festiwalyň 5-nji gününde - Türkmenistanyň gününde geçirilen medeni çäreler göni ýaýlymda "Etimesğut" teleýaýlymynda hem görkezildi.


Festiwalyň 5-nji gününde - Türkmenistanyň gününde geçirilen medeni çäreler göni ýaýlymda "Etimesğut" teleýaýlymynda hem görkezildi.


Türkmenistanda ýakyn aýlarda Aşgabat we Pariž şäherleriniň arasynda ýolagçy uçar gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek boýunça tehniki işler alnyp barylýar. Bu barada Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryny orunbasary Batyr Annaýew Pariž şäherinde fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen işewürlik duşuşygynda mälim etdi.


Üç sany oýunçy it Kopengagendäki Gaýdn festiwalynda Daniýanyň kamera orkestri bilen bilelikde Motsartda ulularyň “Aw simfoniýasynda” ýekelikde çykyş etdiler. Sazyň sazandalary tarapyndan düzülen üýtgeşik bir täsinlik, belli däp-dessurlar bilen nusgawy saz dünýäsine “täzeçe” täsir etdi we festiwal tomaşaçylaryny begendirdi, diýip, “Euronews” habar berýär.


"Oguzhan" adyndaky "Türkmenfilm" birleşiginiň döredijilik topary 17 - 24-nji sentýabr aralygynda Türkiýede iş saparynda bolarlar. Olar Türkiýäniň 3 şäherinde - Ankara, Stambul we Konýa şäherlerinde bolup, Magtymguly Pyragy barada düşürilýän dokumental filme film materiallaryny toplarlar. Döredijilik toparyna režissýor Hekim Alowow ýolbaşçylyk edýär.


Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýtmämmedow 31-nji awgustdan 10-njy sentýabr aralygynda geçiriljek 5-nji Sinandali klassiki aýdym-saz festiwalynyň guramaçylary we oňa gatnaşyjy türkmen sazandalary bilen bilen duşuşdy.


Beýik Britaniýanyň “BP” kompaniýasynyň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe döwletleri boýunça edarasynyň prezidenti Geri Jonsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 25 – 27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” halkara maslahatyna gatnaşar.


Halkara grossmeýster Ýusup Atabaýew Hamadan şäherinde (Eýran) geçirilen «17th Avicenna Cup» küşt festiwalynda üçünji ýeri eýeledi.


Türkmen sportçysy Ilima Guseýnowanyň gatnaşan Kambojadaky 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky tennis boýunça Aziýa çempionaty badalga aldy. Ol ITF Aziýa ýetginjekler çempionatynyň birinji tapgyrynda hindi garşydaşy Suryanshi Şekhawaty ýeňip, üstünlik gazandy.


Türkmen türgenleri 5-nji sentýabrda Netanida (Ysraýyl) başlanan ýetginjekleriň ýüzmek boýunça dünýä çempionatyna (U18) gatnaşýarlar.


8-nji sentýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde şotokan karate boýunça ulularyň we ýaşlaryň arasynda dünýä çempionaty badalga alýar. 2000 müň töweregi türgeniň gatnaşýan bu ýaryşyna ýurdumyzdan hem 62 türgen hem medallar ugrunda güýç synanyşarlar.


Türkmenistanyň Deňiz söwda floty häzirki döwürde “Balkan” gämigurluşyk zawodynda iki sany gury ýük gämisini gurmaga taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu gämileri gurmak baradaky Karara gol çekdi. Öz gezeginde, “ORIENT” täze guruljak gury ýük gämileri, olaryň we deňiz ýük daşalyşyndaky ähmiýeti bilen okyjylary tanyşdyrmakçy.


Suw joşmasyndan ejir çeken Primorskiniň ýaşaýjylary üçin Türkmenistandan ynsanperwer kömek ýükleriniň bir bölegi Oktýabrskiý okrugynyň obalarynyň arasynda paýlandy. Jemgyýetçilik habarlar gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, golaýda sebitiň Horol okrugynyň ýaşaýjylary Türkmenistandan ugradylan ynsanperwer kömegini aldylar.


Wolžskiý politehniki institutynyň birinji ýyl talyplary Ýaşlaryň innowasiýa döredijilik merkezine baryp gördüler, şol ýerde häzirkizaman goşmaça tehnologiýalaryň işi bilen tanyşdylar we metallurgiýa önümçiligi barada has köp zatlary öwrendiler, diýip uniwersitetiň metbugat gullugy habar berýär.


Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagate Kýosukeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördi.


Hindistanyň hökümeti 18-21-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Parlamentiň ýörite mejlisinde "Bharat" (Hindistanyň hindi dilindäki atlandyrylyşy) sözüniň döwletiň resmi ady hökmünde ulanylmagyny talap edýän karary hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada hindi teleýaýlymy “Times Now” Hindi Halk Partiýasynyň tarapyndan dolandyrylýan (Bharatiýa Janata Partiýasy) çeşmelere salgylanyp habar berdi.