

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen gepleşikleri geçirdi.


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen gepleşikleri geçirdi.


Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň ýurdumyza sapary Türkmenistanyň we Russiýa Federassiýasynyň köptaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek isleginiň aýdyň tassyklamasydyr. Iki ýurt hem, syýasy we diplomatik ugurda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli işleşdiler, bular barada Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer pudaklarynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdiler.


Nemes sirki Ronkalli haýwanlar bilen görkezilýän oýunlardan ýüz öwürdi we çykyşlaryny gologramma bilen çalyşdy. Bu sanly gurnamadan soň piller, atlar we hatda ullakan balyklar hem indi sirk arenasyna girýärler, diýip, “The Daily Mail” ýazýar.


Azerbaýjanyň Gabala şäherinde bolýan "Nebitçi" futbol topary ýoldaşlyk duşuşygynda ýerli azerbaýjan ýygyndysyny 4:1 hasabynda ýeňdi. Türkmen ýygyndysynyň düzüminde Kemal Mätdäýew 2 gol, Magtym Berenow bilen Abdymuhammet Begjanowyň hersi hem 1 goly atlaryna ýazdyrdylar.


Özbegistanyň Daşkent şäherinde 8-nji sentýabrdan 10-njy sentýabr aralygynda geçirilen Şotokan karate boýunça 13-nji dünýä çempionaty tamamlandy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi. Onda köp ugurlar boýunça türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşi bellenip geçildi.


7-10-njy sentýabr aralygynda Hywada (Özbegistan) geçirilen halkara etnosport festiwalyna gatnaşan pälwanlarymyz guşakly göreş boýunça dört medal gazandylar.


Sankt-Peterburgly wekiliýetiň Türkmenistana resmi sapary wagtynda gubernator Aleksandr Beglow Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baryp gördi.


Milli eksponatly «ak öýi» görnüşindäki türkmen pawilýony, Rumyniýanyň Konstansa şäherinde şu günler geçirilýän halkara türk- tatar folklor festiwalynda gelim-gidimli ýerleriň biri boldy.


Bal ary gapyrjaklary Daşoguz welaýatynda ýerleşýän balçy Yslam Ýakubow häzirki wagtda täze önüm öndürmek üçin işleýär. Ýakyn wagtda ol sarp edijilere ary ýelimini, ary süýdüni we dürli görnüşli hoz balyny hödürlär diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýty habar berýär.


Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (rezidentsiýasy Moskwada) Dang Min Khoý bilen duşuşyk geçirdi we diplomatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip, türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.


Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň netijelerine we geljegi uly taslamalara garaldy diýip, spbdnevnik.ru neşiri habar berýär.


Duşenbe güni, 11-nji sentýabrda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda 9-njy «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» okuw kursy açyldy. Hazarýaka ýurtlarynyň hünär edaralarynyň işgärleri üçin on günlük seminar Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Halkara Umman instituty bilen hyzmatdaşlykda guraldy.