

Pakistanyň Premýer-ministri Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň tarapdary
Sişenbe güni Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwaar-ul-Hak Kakar bilen duşuşdy. Diplomat Premýer-ministri türkmen ýolbaşçylarynyň adyndan bu ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady.



















