

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Saud Arabystanynda iş saparynda boldular
Mejlisiň wekilleri Er-Riýadda Saud Arabystanynyň Şura geňeşiniň binasynda geçirilen Parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşdylar.


Mejlisiň wekilleri Er-Riýadda Saud Arabystanynyň Şura geňeşiniň binasynda geçirilen Parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşdylar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.


USAID-yň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar agentligi bilen bilelikde «Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy» atly rubrikanyň işiniň çäginde eksport tejribesini paýlaşan indiki telekeçimiz «Türkmen çyragy» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Batyr Kulbaýew.


Aşgabatda “Türkmenistanyň kompaniýalarynyň eksport işini ösdürmek” atly “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Bu çäre şu ýylyň iýun aýynda badalga berlen Ýewropa Ösüş we Täzeleniş bankynyň eksport mekdebiniň çäklerindäki soňky çäredir.


Saud Arabystanynyň “Al Nasr” futbol toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo 1,3 mln dollarlyk sagady sowgat aldy.


9-njy noýabrda Aşgabatda Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan guralýan “Indiki nesil ykjam aragatnaşyk ulgamlaryny işe girizmek (IMT-2020/5G)” atly iki günlük okuw maslahatyna badalga berler.


Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Çynar Rüstemowa we ýurduň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Ernesto Ramirez we beýleki degişli wekiller bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady. Döwlet Baştutany özüniň gutlag hatynda ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.


Şu ýylyň Bütindünýä internet maslahaty 8 – 10-njy noýabrda Hytaýyň Uçžen şäherinde geçiriler. Onu esasy mowzugy “Inklýuziw we durnukly sanly dünýäni gurmak – kibergiňişlikde jemgyýetiň ykbalyny döretmek üçin bilelikdäki iş” diýlip atlandyrylýar.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we ÝUNISEF başlangyç saglygy goraýyş merkezleriniň lukman işgärleri üçin Çaga ösüşine gözegçilik gollanmasyny (ÇÖGG) ulanmak boýunça okuwlary dowam etdirýärler. Sentýabr aýynda başlanan we häzirki wagtda dowam etdirilýän bu maksatnama, ýurduň we Aşgabadyň ähli sebitlerinde görkeziş meýdançalarynda irki ýüze çykarmak we gatyşmak we çaga lukmançylyk hyzmatlaryny durmuşa geçirmegiň möhüm bölegi bolup durýar.


Türkmenistan Palestinanyň halkyna we ilkinji nobatda palestinaly çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömegini iberdi.


Aşgabat şäherinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri bilen Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow çarşenbe güni meşhur "Brýusseliň gül halysy" Ylmy-önümçilik birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.


Gazagystanyň oba ýerlerindäki 10 sany mekdebi synag görnüşinde ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasynyň giň ýygylykly “Starlink” tehnologiýasyna birikdirildi. Bu barada Gazagystanyň Hökümetiniň iş maslahatynda mälim edildi.


Birnäçe hüjümlerden soň, oýnuň 81-nji minutynda “Ahalyň” oýunçysy Alibek Abdyrahmanow gol geçirdi. Ol tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ýöne, “Pahtakor” boýun egmek islemedi.