Türkmenistanda Ýewropa Ösüş we Täzeleniş bankynyň eksport mekdebi – 2023-iň çäklerindäki jemleýji çäre geçirildi


Aşgabatda “Türkmenistanyň kompaniýalarynyň eksport işini ösdürmek” atly “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Bu çäre şu ýylyň iýun aýynda badalga berlen Ýewropa Ösüş we Täzeleniş bankynyň eksport mekdebiniň çäklerindäki soňky çäredir.
Çärä gatnaşyjylar eksportyň bazary öwreniş strategiýasyny kemala getirmek; uzakaralykda aragatnaşyk işewürliginiň tilsimlerini öwrenmek; işewürlik gepleşikleriniň tilsimlerini öwrenmek; işi ilerletmegiň serişdelerini: websaýt, tanyşdyryş dabaralaryny, wideo şekilleri emele getirmek; slaýd görnüşli tanyşdyrylyş dabaralaryny guramak hem-de köpçülide çykyş etmek tilsimlerini öwrenmek; eksport işiniň resmi amallaryny öwrenmek ýaly ugurlary öz içine alýan ýedi okuw maslahatyna gatnaşdylar.
“Tegelek stoluň” dowamynda gatnaşyjylar Eksport mekdebiniň çäklerinde gazanan üstünliklerini paýlaşdylar, kiçi sergide önümleri tanyşdyrdylar. Şeýle hem çärede Türkmeistanda eksoprt işini ösdürmegiň meselesine deglip geçildi.
Eksport mekdebi munuň özi telekeçiler we kompaniýalaryň eksport işine jogap berýän işgärleri üçin okuw maslahatlarynyň toplumy bolup, ol bu işgärleriň eksport ulgamyndaky bilimlerini we ukyp başarnyklaryny ýokarlandyrmaga hem-de maslahat bermäge gönükdirilendir.
Bu taslama Ýewropa Ösüş we Täzeleniş bankynyň Türkmenistandaky “Kiçi işewürlik üçin maslahatlar” atly maksatnamasynyň çäklerinde MCT Agency maslahat beriş kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýar.
ORIENT news








