HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Yragy her ýylda 9 milliard kub metr tebigy gaz bilen üpjün eder

Noýabr 08, 2023 | 22:42 |8378
Aşgabat şäherinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri bilen Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.Aşgabat şäherinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri bilen Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: "Altyn asyr" teleýaýlymyndan alnan

Aşgabat şäherinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri bilen Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar SWAP meýilnamasy boýunça goňşy Eýranyň üsti bilen Yraga türkmen tebigy gazyny ibermek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. TDH-nyň habaryna görä, bu duşuşykda gaz pudagynda geljekde bilelikdäki işleriň hukuk ýagdaýlary, täjirçilik, maliýe we guramaçylyk şertleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Снимок экрана (2154).jpg

Ondan öň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekilipdi.

Häzirki duşuşygyň netijesinde türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna satmak, satyn almak baradaky şertnamanyň esasy täjirçilik şertlerine, Teswirnama gol çekildi. Teswirnama laýyklykda, SWAP meýilnamasy boýunça 5 ýyl möhlet bilen her ýyl 9 milliard kub metr türkmen tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Yraga iberiler.

Снимок экрана (2144).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026
Dunaý derýasynyň rekord derejede suwsuzlanmagy Wengriýanyň syýahatçylyk pudagyna uly ýitgi getirdi

Dunaý derýasynyň rekord derejede suwsuzlanmagy Wengriýanyň syýahatçylyk pudagyna uly ýitgi getirdi

17:00 Awgust 08, 2026