Habarlar

Hepdäniň gün tertibi: sport we halkara çärelerHepdäniň gün tertibi: sport we halkara çäreler

Hepdäniň gün tertibi: sport we halkara çäreler

Bu hepde hem Türkmenistan, hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin baý we möhüm wakalara beslenýär. 31-nji martda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşynyň 6-njy tapgyrynyň 3-nji aýlawynda Taýlandyň ýygyndysy bilen duşuşar. 2–4-nji aprel aralygynda Aşgabat işewürlik we innowasion hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüler. Bu ýerde “Hyzmatdaşlyk we ösüş – 2026” atly halkara sergi geçiriler. Sergi işewürleri, alymlary we döwlet düzümlerini birleşdirip, tejribe alyşmak we ösüşiň täze mümkinçiliklerini görkezmek üçin meýdança bolar