HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gonkongda Hytaý-Özbek işewürlik forumy: energetika, oba hojalygy we dag-magdan pudaklary boýunça 15 ylalaşyk baglaşyldy

Maý 08, 2026 | 16:20 |3907
Çeşme: orient.tm

Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýeti söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen Gonkonga sapary amala aşyrdy. Bu barada CCTV+ habar berýär.

Çarşenbe güni Gonkongda geçirilen Hytaý-Özbek işewürlik forumynda özbek telekeçileri Hytaýyň ýörite administratiw sebitiniň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny mälim etdiler hem-de energetika, oba hojalygy we dag-magdan senagaty ýaly möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 15 sany ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşdylar.

Özbegistanyň wekiliýeti söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Gonkongda boldy. Premýer-ministr Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygyndaky ýüze golaý adamdan ybarat topar birnäçe çärelere, şol sanda Özbek-Hytaý (Gonkong) ykdysady forumyna gatnaşdy.

Gonkongyň administrasiýa başlygy Jon Li giriş sözünde şäheriň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynda işjeň orun eýeleýändigini belläp, Özbegistana we beýleki hyzmatdaş ýurtlara maliýe, hünär hyzmatlary hem-de ekspert tejribesini hödürleýändigini aýtdy.

“Şu gün bu ýere gelen özbek kärhanalary üçin uly hytaý bazaryna çykmak isleýän bolsaňyz, Gonkong siziň iň amatly hyzmatdaşyňyzdyr. Gonkong halkara işewürlik dilinde gepleýär. Biziň maliýe bilermenlerimiz size maýa çekmäge kömek eder. Şeýle-de biziň ýuristlarymyz, hasapçylarymyz we arbitraž boýunça hünärmenlerimiz işiňiziň ähli tapgyrlarynda sizi goldarlar” diýip, Li aýtdy.

Administrasiýa başlygy Gonkongyň we Özbegistanyň arasynda hökümetara we işewürlik gatnaşyklarynyň barha berkänýändigini hem-de forumyň uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýol açjakdygyny belledi.

Hytaý Özbegistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Aripow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, soňky bäş ýylda ikitaraplaýyn söwdanyň üç esse artandygyny we onuň 2026-njy ýylda 20 milliard amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Premýer-ministr hyzmatdaşlygyň alty esasy ugruny kesgitledi. Olaryň arasynda ýaşyl energetika, oba hojalygy we Özbegistanyň iň çalt ösýän pudagy bolan dag-magdan senagaty bar. Bu ugur boýunça 2,2 milliard dollar möçberinde maýa goýum meýilleşdirilýär.

Aripow bilen Li Hytaý bilen Özbegistanyň arasynda baglaşylan 15 ylalaşygyň alyş-çalşyna şaýat boldular. Şolaryň arasynda Özbegistanyň Samarkant welaýatynda 150 megawatlyk energiýa saklaýyş ulgamynyň gurluşygy hem-de Jyzak welaýatynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça taslamalar bar.

Forumyň çäklerinde Özbegistanyň oba hojalygyndan we dokma senagatyndan başlap syýahatçylyga çenli dürli pudaklaryny görkezýän sergi hem geçirildi. Onda döwlet edaralarynyň we pudaklaryň wekilleri maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Forumyň öňüsyrasynda Aripow bilen Li hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Li Gonkongyň halkara ýokary bilim merkezine öwrülmek ugrunda işleýändigini aýdyp, Özbegistandan has köp ýaşlaryň şäherde bilim alyp, zähmet ýoluny dowam etdirmeklerine hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol iki sebitiň arasynda ynsanperwer we medeni alyşmalary ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026