HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilçi bilen geçen duşuşyk

Maý 08, 2026 | 21:30 |7714
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow bilen duşuşyk geçirildiTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow bilen duşuşyk geçirildi
Çeşme: iirmfa.edu.tm

2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow bilen duşuşyk geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Посол Азербайджана Гисмат Гозалов

Okuw sapagynyň öňüsyrasynda iki döwletiň syýasy gatnaşyklaryna bagyşlanan sergi gurnaldy. Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi «Türkmenistan-Azerbaýjan: doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary» atly tema boýunça okuw sapak geçdi.

Гисмат Гозалов

Hormatly ilçi iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ýetilen sepgitler we durmuşa geçirilen işler barada, şeýle hem özüniň baý iş, durmuş tejribesi hakda gyzykly gürrüňleri berdi.

Посол Азербайджана Гисмат Гозалов

Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Bu okuw sapagy türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde bilim alýan ýaş halkaraçy hünärmenleriniň bilimlerini has-da artdyrmaga ýardam etdi.

Посол Азербайджана Гисмат Гозалов

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝUNISEF Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO 2026» sergisinde bilim beriş seminarlar tapgyryny geçirer

ÝUNISEF Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO 2026» sergisinde bilim beriş seminarlar tapgyryny geçirer

20:14 Awgust 05, 2026
Aşa yssy bütin dünýäde täze rekordlary goýýar: Günorta Koreýada 42,5°C, Italiýada we ABŞ-da gyzyl derejeli duýduryşlar yglan edildi

Aşa yssy bütin dünýäde täze rekordlary goýýar: Günorta Koreýada 42,5°C, Italiýada we ABŞ-da gyzyl derejeli duýduryşlar yglan edildi

19:30 Awgust 05, 2026
ABŞ-nyň 25 ştaty paçlar sebäpli Trampa garşy kazyýete ýüz tutdy

ABŞ-nyň 25 ştaty paçlar sebäpli Trampa garşy kazyýete ýüz tutdy

18:00 Awgust 05, 2026