

Aziýa Ösüş Banky Aziýada bitewi energetika ulgamlaryny we sanly infrastruktura döretmek üçin 70 milliard dollar gönükdirer
Aziýa Ösüş Banky sebitiň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen iri başlangyjy işe girizýär. Bahasy 70 milliard dollara barabar bolan täze maksatnama Aziýa ýurtlarynyň energetika ulgamlaryny birleşdirmek we güýçli sanly aragatnaşyk toruny döretmek ýaly iki möhüm maksady göz öňünde tutýar















