HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri köptaraply hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Dekabr 04, 2023 | 19:00 |7845
Gepleşikler Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 5-nji dekabrda meýilleşdirilýän mejlisiniň çäklerinde geçirildi.Gepleşikler Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 5-nji dekabrda meýilleşdirilýän mejlisiniň çäklerinde geçirildi.
Çeşme: mid.ru

Moskwada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Diplomatlar ýakyn geljekdäki gatnaşyklaryň we iki ýurduň arasyndaky halkara platformalarynda özara gatnaşyklaryň ösdürilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Taraplar Russiýa-Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, iki ýurduň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Özara gatnaşyk edýän şeýle platformalar bolsa köpdür we olarda ýurtlaryň özara gyzyklanmalary ýakyn we köp halatlarda gabat gelýär. Bular BMG, Hazar bäşligi we beýleki formatlar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Bitaraplygyň dostlary hereketidir. 11-nji dekabrda Bitaraplygyň dostlary toparynyň nobatdaky duşuşygy bolar. Oňa Russiýanyň wekiliýeti hem gatnaşar.

Rus tarapy medeni we bilim taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga doly ygrarlydygyny aýtdy. Şunda, iň esasy taslamalaryň hatarynda Rus-Türkmen uniwersitetini döretmek we Döwlet Rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak, A.S.Puşkiniň adyndaky bilelikdäki umumybilim mekdebi üçin goşmaça binany gurmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Sergeý Lawrow medeniýet we bilim pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýändigi we pikir alyşmalar üçin türkmen wekiliýetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gepleşikler Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 5-nji dekabrda meýilleşdirilýän mejlisiniň çäklerinde geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026