HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BelTA: 2030-njy ýyla çenli Belarus dolandyryş hyzmatlarynyň köpüsini elektron görnüşe geçirer

Dekabr 04, 2023 | 14:50 |3735
2030-njy ýyla çenli Belarus Respublikasy dolandyryş hyzmatlarynyň köpüsini elektron görnüşe geçirmegi meýilleşdirýär.2030-njy ýyla çenli Belarus Respublikasy dolandyryş hyzmatlarynyň köpüsini elektron görnüşe geçirmegi meýilleşdirýär.
Çeşme: belta.by

2030-njy ýyla çenli Belarus Respublikasy dolandyryş hyzmatlarynyň köpüsini elektron görnüşe geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň döwlet Baştutanynyň sözlerine salgylanyp, “BelTA” habarlar agentligi mälim edýär.

Respublikanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko tarapyndan gol çekilen Kararda elektron platformalary döretmek, ykdysadyýetiň senagat, bilim, saglygy goraýyş, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy, söwda, hökümet statistikasy we dolandyryş, ekologiýa, ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik hyzmatlary, durmuş we zähmet üpjünçiligi ýaly ugurlarynda sanly ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Belarus Respublikasynda sebitleýin sanlaşdyrmak üçin täze gural hödürledi. Ol ýerli innowasiýa gaznalarynyň hasabyna ulanyp synag taslamalarynyň netijelerini giňeltmegi maksat edinýär.

Senagatlaryň we sebitleriň sanlaşdyrylmagy sanly ösüşiň görkezijilerine esaslanyp baha berler. Baha bermegiň netijeleri “Sanly taslamalaryň aýnasy” maglumat ulgamynda köpçülige elýeterli bolar. Şeýle hem bu platforma sanly ösüş pudagynda dowam edýän synag taslamalary barada maglumatlary özünde jemlär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026