

Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy düzümleriň işgärlerini, harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlady.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy düzümleriň işgärlerini, harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlady.


Wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topar tarapyndan seljerilen we ýurduň innowasion ösüşine ýardam berjek ykdysady bähbitli teklipleri hödürledi.


Daniýanyň “AP Moller-Maersk” korporasiýasy dünýädäki “ýaşyl” metanol bilen işleýän 350 metrlik “Ane Maersk” konteýner gämisini tanyşdyrdy. TASS-yň berýän habaryna görä, Ulsan şäherindäki Günorta Koreýanyň “HD Hyundai Heavy Industries” gämi gurluşyk kompaniýasynyň guran gämisiniň esasy daşaýjysy 16 592 konteýneri ýerleşdirip biler.


Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Daşkent şäherinde brifing gurady.


Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ulag boýunça işewürlik dialogynyň ikinji mejlisi geççirildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.


25-nji ýanwarda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri we el halylary ýerlenildi.


Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek konwensiýasyna goşulmak isleýär. Bu barada maglumat 26-njy ýanwar, anna güni Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew tarapyndan yglan edildi.


Seýilgähiň tutýan umumy meýdany 50 gektara barabardyr. Seýilgähiň çäginde ýaşyl zolaklary döretmek, abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere suw serişdelerimiziň tygşytly we maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi, goşmaça suw gorlaryny döretmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


“48 sagatda film ýaryşy” (48HFR) gysga film bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüztutmalar başlandy. Guramaçylar muny sosial ulgamlardaky sahypalarynda habar berýärler.


24-nji ýanwarda Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde köp sanly resminama gol çekildi. Olaryň hatarynda “Howa ýüpek ýoly”-nyň bilelikdäki gurluşygy barada degişli edaralaryň arasyndaky Ylalaşyk hem bar.


“Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara forumda gazanylan esasy pikirleri we netijeleriň ara alnyp maslahatlaşylan Jemleýji resminama, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamalarynyň bukjasyna goşuldy. Foruma gatnaşyjylaryň bilelikdäki Beýannamasynyň teksti Birleşen Milletler Guramasynyň 6 resmi dilinde neşir edildi, ony şu resmi platformada görüp bilersiňiz.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Emiri hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Nebithimiýa senagatyny ösdürmek, halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak hem-de önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda geçirilen işleriň netijesinde TNGIZT-de “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy.


Şu ýylyň 8 - 15-nji sentýabrynda Gazagystanyň paýtagtynda 5-nji Bütindünýä çarwadarlar oýunlary geçiriler. Oýunlary geçirmek boýunça taýýarlyk görmegiň direksiýasy onuň ähli meýilnamasyny tassyklady.