Astanada geçiriljek Bütindünýä çarwadarlar oýunlaryna 107 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar


Şu ýylyň 8 - 15-nji sentýabrynda Gazagystanyň paýtagtynda 5-nji Bütindünýä çarwadarlar oýunlary geçiriler. Oýunlary geçirmek boýunça taýýarlyk görmegiň direksiýasy onuň ähli meýilnamasyny tassyklady. Bu barada "Astana Times" neşiri habar berýär.
Häzirki wagtda guramaçylyk topary Oýunlara gatnaşmaga isleg bildiren 107 ýurduň wekilleri bilen gepleşikleri geçirýär.
Sportyň, medeniýetiň we ylmyň özara utgaşýan Çarwadarlar oýunlarynda sportuň 20 görnüşi boýunça medallaryň 110 toplumy ugrunda ýaryşlar guralar. Çarwadarlar oýunlarynyň çäklerinde at üstündäki milli oýunlar, göreş, ýaýdan ok atmak, aw etmek we sportuň intelletual görnüşleri boýunça türgenler özara bäsleşerler.
10 müň tomaşaça niýetlenen "Kazanat" at aýlawynyň ýanyndaky "Çarwadarlaryň dünýäsi" atly milli oba medeni çäreleriň geçirilýän esasy ýeri bolar. 5-nji Bütindünýä çarwadarlar oýunlaryna 4 müňe golaý adam we 1 müňe golaý hem meýletinçi gatnaşar. Milli sport görnüşleriniň ýaryşlary mundan ozal, Gyrgyzystanda 3 gezek, Türkiýede 1 gezek geçirlipdi.
ORIENT news








