Habarlar

Özbek ilçisi Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirdiÖzbek ilçisi Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirdi

Özbek ilçisi Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirdi

15-nji maýda Daşoguz şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow Daşoguz welaýatynyň häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow bilen duşuşdy. Gepleşigiň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň we Daşoguz welaýatyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýollary hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygy barada möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

ECOSOC-yň forumynda Türkmenistan tarapyndan gurnalan çäräniň jemleýji resminamasy BMG-nyň alty dilinde neşir edildiECOSOC-yň forumynda Türkmenistan tarapyndan gurnalan çäräniň jemleýji resminamasy BMG-nyň alty dilinde neşir edildi

ECOSOC-yň forumynda Türkmenistan tarapyndan gurnalan çäräniň jemleýji resminamasy BMG-nyň alty dilinde neşir edildi

Jemleýji resminama “Ösüş maliýeleşdirmesini güýçlendirmek üçin ulag we energiýa birikmesi boýunça ýokary derejeli diolog: BMG-nyň 2026 – 2035-nji ýyllar üçin «Durnukly ulagyň onýyllygy» - energiýa birikmesi üçin Aşgabat platformasy” ady bilen Baş Assembleýanyň 78-nji sessiýasynyň jemleýji resminamasy hökmünde kabul edilip, BMG-nyň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.

«TULM» AGPJ-niň gurnamagynda «MNG Airlines» Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy«TULM» AGPJ-niň gurnamagynda «MNG Airlines» Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy

«TULM» AGPJ-niň gurnamagynda «MNG Airlines» Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda Stambul şäherinden gelýän ýükleri «MNG Havayollari ve Taşimaçilik A.Ş.» kompaniýasynyň howa gämilerinden düşürip, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden awtoulaglara geçirip multimodal görnüşde Gazagystan Respublikasynyň Aktobe şäherine ugradyldy.

Türkmenistanyň telekeçileri we işewür adamlary 13-nji Merkezi Aziýa Söwda Forumyna gatnaşýarTürkmenistanyň telekeçileri we işewür adamlary 13-nji Merkezi Aziýa Söwda Forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň telekeçileri we işewür adamlary 13-nji Merkezi Aziýa Söwda Forumyna gatnaşýar

Şu gün, 2024-nji ýylyň maý aýynyň 14-ne - ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy (USAID) 13-nji Merkezi Aziýa Söwda Forumyny (CATF) açdy. Şu ýylky “Söwda baglanyşyklary: Global köprüler” atly forumy 14-nji we 15-nji maýynda Gazagystanyň Almaty şäherindäki «Rixos Hotel» atly myhmanhanasynda geçirilýär. Merkezi Aziýa Söwda Forumy - bu aragatnaşygy, telekeçiligi we söwda syýasatyny ösdürýän sebitdäki esasy söwda wakalaryň biridir.

Daşary işler ministri: Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar emele gelmegiň we ösüşiň uzak ýoluny geçdiDaşary işler ministri: Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar emele gelmegiň we ösüşiň uzak ýoluny geçdi

Daşary işler ministri: Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar emele gelmegiň we ösüşiň uzak ýoluny geçdi

30 ýyl uzak wagt, bu döwürde dünýäde köp zat boldy. Möhüm geosyýasy üýtgeşmeleri gördük, dürli tolgunyşyklaryň şaýady bolduk, ýöne belent sepgitleri we üstünlikleri hem gördük. Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen we geljek ýyl 30 ýyllygyny belleýän hemişelik Bitaraplyk derejesiniň nazaryýet ýörelgelerini netijeli durmuşa geçirdi.

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Merkezi Aziýa + Ýaponiýa sammitine taýýarlyk barada pikir alyşdylarDaşary işler ministrleriniň orunbasarlary Merkezi Aziýa + Ýaponiýa sammitine taýýarlyk barada pikir alyşdylar

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Merkezi Aziýa + Ýaponiýa sammitine taýýarlyk barada pikir alyşdylar

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 14-nji maýda sişenbe güni Astanada geçirilen Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary wezipeli işgärleriniň ýygnagyna gatnaşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň başlyklarynyň orunbasarlary, Gazagystanda işleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

FutureSkills4All: Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş bilen üpjünçiligi we durnuklylygynyň ýokarlanmagy üçin mümkinçilikleri artdyrmakFutureSkills4All: Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş bilen üpjünçiligi we durnuklylygynyň ýokarlanmagy üçin mümkinçilikleri artdyrmak

FutureSkills4All: Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş bilen üpjünçiligi we durnuklylygynyň ýokarlanmagy üçin mümkinçilikleri artdyrmak

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) BMGÖM-iň Bilim Taslamasy bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşlar we zenanlar üçin bilim almak hem-de hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak mümkinçiligini döretmek arkaly ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik mümkinçiligini giňeltmek üçin «FutureSkills4All» başlangyjyna goşulýar. Başarnyklary ösdürmek boýunça bu başlangyç Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we Türkmenistandaky BMGÖM hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilatyny durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň (ZEÖA) öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri ösdürmek» taslamasynyň ýurt boýunça düzüminiň çäginde amala aşyrylýar.