

Gazagystan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen haryt dolanşygyny iki esse artyrmagy maksat edinýär
Geçen ýyl Gazagystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen haryt dolanşygy ABŞ-nyň 7,7 mlrd dollaryna deň boldy.


Geçen ýyl Gazagystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen haryt dolanşygy ABŞ-nyň 7,7 mlrd dollaryna deň boldy.


Penşenbe güni, 16-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» DK-nyň önümleri hem-de nah ýüplügi ýerlenildi.


Kazan şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň wekiliýeti şäheriň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy Rustem Gafarow bilen duşuşdy.


15-nji maýda, Çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň we ýeňil senagatynyň önümleri ýerlenildi.


2023-nji ýylyň jemlerine göra Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 13% ýokarlandy we 678 million tonna boldy diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistan Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň hökümet ýolbaşçysynyň orunbasary Marat Husnullin bilen bolan duşuşygynda belledi.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” XV Halkara ykdysady forumynyň çäginde Tatarystanyň Döwlet Geňeşçisi Mintimer Şaýimiýew bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Tatarystanyň raisy Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin şu gün Russiýa Russia Halal Expo sergisine baryp gördüler.


16-njy maýda hepdäniň penşenbe güni Aşgabatda ýerleşýän “Arçabil” myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi.


14-15-nji maýda türkmen wekiliýeti, şol sanda «Türkmen Logistika» assossiýasiýasynyň, döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň wekilleri Almatyda geçýän 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyna gatnaşýar.


Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.


BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy Bilim taslamasy bilen hyzmatdaşlykda türkmenistanly ýaşlaryň bilim almak we hünär başarnyklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen Future Skills4All başlangyjyna goşulýar. Hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça bu başlangyç Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetçilikleri ilerletmek” atly sebit taslamanyň Türkmenistan boýunça şahamçasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.


Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň we “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilhanasynyň ilçisi Parahat Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Sinszýan – Uýgur awtonom raýonynyň (SUAR) Urumçy, Kaşgar, Karamaý we Inin şäherlerine, şeýle hem Horgos serhetüsti geçiş nokadyna baryp gördi.


15-17-nji maýda Kazan şäherinde KazanForum-2024-iň çäklerinde ilkinji gezek Yslam ýurtlarynyň ýaş aşpezleriniň Ýunus Ahmetzýanow adyndaky halkara bäsleşigi geçiriler.


Sişenbe güni, 14-nji maýda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.


15-nji maýda, Çarşenbe güni Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazana bardy.