HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

FutureSkills4All: Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş bilen üpjünçiligi we durnuklylygynyň ýokarlanmagy üçin mümkinçilikleri artdyrmak

Maý 14, 2024 | 15:03 |1156
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) BMGÖM-iň Bilim Taslamasy bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşlar we zenanlar üçin bilim almak hem-de hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak mümkinçiligini döretmek arkaly ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik mümkinçiligini giňeltmek üçin «FutureSkills4All» başlangyjyna goşulýar. Başarnyklary ösdürmek boýunça bu başlangyç Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we Türkmenistandaky BMGÖM hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilatyny durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň (ZEÖA) öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri ösdürmek» taslamasynyň ýurt boýunça düzüminiň çäginde amala aşyrylýar.Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) BMGÖM-iň Bilim Taslamasy bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşlar we zenanlar üçin bilim almak hem-de hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak mümkinçiligini döretmek arkaly ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik mümkinçiligini giňeltmek üçin «FutureSkills4All» başlangyjyna goşulýar. Başarnyklary ösdürmek boýunça bu başlangyç Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we Türkmenistandaky BMGÖM hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilatyny durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň (ZEÖA) öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri ösdürmek» taslamasynyň ýurt boýunça düzüminiň çäginde amala aşyrylýar.
Çeşme: Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy tarapyndan berlen

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) BMGÖM-iň Bilim Taslamasy bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşlar we zenanlar üçin bilim almak hem-de hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak mümkinçiligini döretmek arkaly ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik mümkinçiligini giňeltmek üçin «FutureSkills4All» başlangyjyna goşulýar. Başarnyklary ösdürmek boýunça bu başlangyç Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we Türkmenistandaky BMGÖM hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilatyny durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň (ZEÖA) öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri ösdürmek» taslamasynyň ýurt boýunça düzüminiň çäginde amala aşyrylýar.

Sebitleýin ZEÖA taslamasynyň ýurt boýunça düzüminiň çäklerinde Türkmenistandan azyndan 660 ýaş raýat öňdebaryjy onlaýn okuw platformasy bolan «Coursera» girip biler, bu ýerde isleg bildirýän hünär başarnyklaryny ele almak üçin dürli okuw maksatnamalaryny geçip biler. Hünär okuwyna bu innowasion çemeleşme bilim alýanlara bäsdeşlikli we çalt üýtgeýän zähmet bazaryna taýýarlanmaga kömek eder. Gyzyklanmalaryna laýyk gelýän onlaýn okuwlara elýeterlilikden başga-da, talyplar ýerli hünärmenlerden kynçylyklary ýeňip geçmek başarnyklaryny ýokarlandyrmak we durnuklylygy artdyrmak üçin goldaw we maslahat alarlar.

«FutureSkills4All» saýlamak üçin üç esasy ugry hödürläp, bilim almakda şahsylaşdyrylan çemeleşmäni hödürleýär: Umumy başarnyklary (aragatnaşyk we meseleleri çözmek), Telekeçilik başarnyklary (işewürlik-meýilnamalaşdyryş we marketing) we Professional/tehniki başarnyklar (dürli pudaklara degişli). Talyplar gyzyklanmalaryna we hünär maksatlaryna laýyk gelýän pudagy saýlap, okuwlaryny düzüp bilerler.

Esasy ugurlardan başga-da, gatnaşyjylar dürli mowzuklary öwrenip we globallaşma, ykdysady ösüş, emeli aň, binýatlyk sanly başarnyklar, buhgalteriýa hasabaty, marketing, adam maýasy, IT goldawy, bulut hasaplamasy, UX/UI dizaýny, kiberhowpsuzlyk, taslamany dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, durnukly şäherler we beýleki ugurlara ýöriteleşdirilen hünärleri ele alyp bilerler. Her bir ugur talyplara öz saýlan ulgamlarynda üstünlik gazanmak üçin zerur bolan başarnyklary ösdürmäge mümkinçilik berýän dürli bilim derejelerine laýyk gelýär.

Nadip hasaba alynmaly:

Üçünji tarapyň dalaşgärleri: Döwlet edaralaryna, täjirçilik däl guramalara, durmuş ugruna gönükdirilen hususy kompaniýalara, raýat jemgyýeti guramalaryna we beýleki hyzmatdaş guramalara bu onlaýn okuw mümkinçiliklerinden peýdalanjak ýaşlary hödürlemek teklip edilýär. Gatnaşmak üçin arza esasynda bar bolan okuw mümkinçilikleri barada maglumat almak üçin şu maglumatnamany dolduryň.

Göni hasaba alyş: Türkmenistanda ýaşaýan 16 – 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, şol sanda zenanlar şu salgyda onlaýn ýüztutmany dolduryp, gönüden-göni hasaba alnyp bilerler.

Türkmenistandaky BMGÖM-iň Maglumat sessiýasy «FutureSkills4All» başlangyjyny 2024-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçiriljek maglumat sessiýasy bilen durmuşa geçirip başlar.

«FutureSkills4All» başlangyjy bilen baglanyşykly islendik sorag üçin şu elektron poçta salgysyna hatlaryňyzy iberiň: youthfutureskills@gmail.com.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026