HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşary işler ministri: Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar emele gelmegiň we ösüşiň uzak ýoluny geçdi

Maý 14, 2024 | 21:27 |9943
30 ýyl uzak wagt, bu döwürde dünýäde köp zat boldy. Möhüm geosyýasy üýtgeşmeleri gördük, dürli tolgunyşyklaryň şaýady bolduk, ýöne belent sepgitleri we üstünlikleri hem gördük. Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen we geljek ýyl 30 ýyllygyny belleýän hemişelik Bitaraplyk derejesiniň nazaryýet ýörelgelerini netijeli durmuşa geçirdi.30 ýyl uzak wagt, bu döwürde dünýäde köp zat boldy. Möhüm geosyýasy üýtgeşmeleri gördük, dürli tolgunyşyklaryň şaýady bolduk, ýöne belent sepgitleri we üstünlikleri hem gördük. Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen we geljek ýyl 30 ýyllygyny belleýän hemişelik Bitaraplyk derejesiniň nazaryýet ýörelgelerini netijeli durmuşa geçirdi.
Çeşme: orient.tm

30 ýyl uzak wagt, bu döwürde dünýäde köp zat boldy. Möhüm geosyýasy üýtgeşmeleri gördük, dürli tolgunyşyklaryň şaýady bolduk, ýöne belent sepgitleri we üstünlikleri hem gördük. Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen we geljek ýyl 30 ýyllygyny belleýän hemişelik Bitaraplyk derejesiniň nazaryýet ýörelgelerini netijeli durmuşa geçirdi.

Bu döwürde Ýewropa Bileleşigi bu halkara ykdysady we syýasy birleşigiň agzalarynyň biriniň ýakynda öz hataryndan aýrylandygyna garamazdan, institusional taýdan güýçlenýär we giňelýär. Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi hem dowam etdi we soňky ýyllarda birbada birnäçe ugurlar boýunça güýçlenip, iň ýokary görkezijisine eýe boldy. Taraplar Aşgabatda «Has gowy gelejek üçin bilelikdäki işler» şygary astynda geçirilen maslahat bilen bu gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny bellediler.

Şu günki waka Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm sepgitlere eýe bolup, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygymyzy görkezýär. Bu üç onýyllygyň dowamynda biziň gatnaşyklarymyz emele gelmegiň we ösüşiň uzak ýoluny geçdi diýip, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow forumda eden çykyşynda belledi.

Ol Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklara möhüm itergi beren wakalaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň noýabr aýynda Brýussele resmi saparynyň bolandygyny aýtdy. Türkmen Lideriniň saparynyň dowamynda hyzmatdaşlygymyzyň esasy ugurlaryna uly üns berildi. Hususan-da, howpsuzlyk, energiýa, ulag, bilim, medeniýet we ynsanperwer dialog ugurlaryna garaldy. Bularyň hemmesi hyzmatdaşlygyň umumy gün tertibini emele getirdi, bu hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özara hormat goýmak, ynanyşmak, halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir.

Meredov-EC.JPG

Ministr Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda ýokary derejede gazanylan syýasy gatnaşyklara ünsi çekdi we ýokary derejeli duşuşyklaryň yzygiderliligini belläp geçdi. şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Şarl Mişeliň arasyndaky duşuşyk ýatlanyldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we ÝB-niň wekilleri dürli köptaraplaýyn çäreleriň, şol sanda ÝB – Merkezi Aziýa formatynyň çäginde duşuşýarlar. Bularyň hemmesi yzygiderli häsiýete eýe bolýar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas Türkmenistana resmi sapar bilen geldi we mart aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Brýusselde saparda bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanmany görkezýän birnäçe gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky syýasy gatnaşyklar parlamentara dialogyň çäklerinde goldanylýar, ony daşary işler ministri biziň hyzmatdaşlygymyzda «örän möhüm» ugur diýip atlandyrdy.

Bilelikdäki Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi komiteti söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy goldamak boýunça üstünlikli işleýär, onuň nobatdaky mejlisi 2023-nji ýylyň dekabrynda Brýusselde geçirildi.

Şol bir wagtyň özünde, ÝB ýurtlary bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary saklamagyň iň üstünlikli görnüşi hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklara üns berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026