Habarlar

Oktýabr aýynda Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilerOktýabr aýynda Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler

Oktýabr aýynda Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler

Şu ýylyň oktýabr aýynda Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýanyň arasyndaky gepleşiklerde pikir alşyldy. Duşuşyk 17-18-nji maý aralygynda Aşgabatda geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde geçirildi.

Brýusselde Hazar üsti ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri boýunça maslahat geçirildiBrýusselde Hazar üsti ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri boýunça maslahat geçirildi

Brýusselde Hazar üsti ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri boýunça maslahat geçirildi

Belgiýanyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň mümkinçilikleri we Hazar üsti halkara ulag geçelgesiniň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Çärä Ýewropa Komissiýasynyň, ÝB-niň ulag meseleleri boýunça baş müdirliginiň, Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň we ÝB-niň beýleki guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ulag we logistika kompaniýalary ulgamyndaky dürli barlag guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.