HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasyndaky we konsullyk edarasyndaky döwlet baýdaklary aşak düşürildi

Maý 20, 2024 | 22:43 |9785
Türkmenistanyň Tähran şäherindäki Ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda döwlet baýdaklary aşak düşürildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.Türkmenistanyň Tähran şäherindäki Ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda döwlet baýdaklary aşak düşürildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Tähran şäherindäki Ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda döwlet baýdaklary aşak düşürildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

“Eýran halky bilen raýdaşlygyň alamaty hökmünde şu gün, 20-nji maýda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy bilen, Türkmenistanyň Tähran şäherindäki Ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda döwlet baýdaklary aşak düşürildi” – diýlip minisrligiň habarynda aýdylýar.

1.jpg

Ondan öň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň aradan çykmagy zerarly gynynç bildirdi.

Şu gün, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi we onuň barşynda bu betbagtçylygyň ähli türkmenistanlylaryň ýüreklerinde agyr duýgulary döredendigi we türkmen tarapynyň Eýrana zerur bolan kömegi bermäge taýýardygy aýdyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026