HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi Hytaýyň döwlet dolandyrylyşy bilen tanyşýar

Maý 21, 2024 | 11:03 |11040
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby Pürli Rasulow Aziýanyň, Afrikanyň we Ýuwaş ummany sebitiniň 56 ýurdunyň wekilleri bilen birlikde Pekin uniwersitetinde geçirilýän döwlet dolandyrylyşy boýunça gysga möhletli okuw maslahatyna gatnaşýar.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby Pürli Rasulow Aziýanyň, Afrikanyň we Ýuwaş ummany sebitiniň 56 ýurdunyň wekilleri bilen birlikde Pekin uniwersitetinde geçirilýän döwlet dolandyrylyşy boýunça gysga möhletli okuw maslahatyna gatnaşýar.
Çeşme: surat Pürli Rasulowyňky

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby Pürli Rasulow Aziýanyň, Afrikanyň we Ýuwaş ummany sebitiniň 56 ýurdunyň wekilleri bilen birlikde Pekin uniwersitetinde geçirilýän döwlet dolandyrylyşy boýunça gysga möhletli okuw maslahatyna gatnaşýar.

Olar maslahatyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy professorlarynyň okuw sapaklaryna gatnaşýarlar hem-de Hytaýda döwlet dolandyrylyşynyň dürli ugurlary bilen tanyşýarlar. Maslahata gatnaşyjylar Hytaýyň Lukmançylyk ylymlary akademiýasyna, Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligine hem-de Garyplygy azaltmak boýunça halkara merkezine baryp gördüler, bu edaralaryň düzümi we alyp barýan işleri bilen tanyşdylar we nazaryýet bilimlerini berkitdiler.

Türkmenistanyň wekili Pekin uniwersitetiniň wise-prezidentine Merkezi Aziýada ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäherine bagyşlanan “Arkadag-geljegiň şäheri” atly kitaby sowgat berdi.

Bu gysga möhletli okuw maslahaty Pekin uniwersitetiniň Bilim gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän we 2019-njy ýylda ýola goýlan “Gündogaryň stipendiýasy” atly taslamanyň çäklerinde geçirilýär we Hytaýyň ykdysady we durmuş ösüşi, döwlet dolandyrylyşynyň usullary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Okuw maslahaty iýun aýynyň başyna çenli dowam eder.

Pürli Rasulow

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026