

Haj 2024: Saud Arabystanyna 530 müňden gowrak zyýaratçy geldi
Bu ýyl haj möwsüminde Saud Arabystanyna 530 müňden gowrak zyýaratçy geldi. Bu barada ýurduň Baş pasport müdirligi habar berdi.


Bu ýyl haj möwsüminde Saud Arabystanyna 530 müňden gowrak zyýaratçy geldi. Bu barada ýurduň Baş pasport müdirligi habar berdi.


BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Köpsanly bähbitleri almak üçin Aral deňziniň sebitinde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlyga bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamasynyň çäklerinde BMG-niň FAO guramasynyň “Ýer serişdelerini dolandyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy” taslamasy bilen bilelikde ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we çölleşmä garşy göreşmek ulgamynda tejribe öwrenmek maksady bilen Türkiýe Respublikasyna sapar guraldy.


BMG-niň Ösüş maksatnamasy we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 28-nji maýda Aşgabatda Durnukly ykdysadyýet we maliýe boýunça iş toparynyň (SEF) ilkinji utgaşykly duşuşygyny geçirdiler.


28-nji maýda Duşenbe şäherinde GDA-nyň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärä Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA-nyň parlamentara assambleýasynyň, GDA-nyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ählumumy konfederasiýasynyň we Terrorçylyga garşy merkeziniň wekiliýetleri gatnaşdylar.


Türkmenistanyň Prezidenti 10-iýun -9-njy iýul aralygynda Haç parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçynyň Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi.


2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 75% ýokarlandy we takmynan ABŞ 800 million dollaryna ýetdi. Ilçi Gismet Gezalow muny 28-nji maýda Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasynda belläp geçdi.


28-nji maýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Şura Geňeşiniň başlygy Hasan bin Abdulla Al-Ganim bilen duşuşygy boldy.


«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara forumynyň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde 15-nji maýda geçirilen «Geljegiň kiberhowpsuzlygy: sanly immunitetiň ýolunda» atly mejlisiň netijeleri boýunça metbugta maslahatyna gatnaşyjylar internetde howpsuzlygy üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň zerurdygy hakynda ylalaşdylar.


«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy müşderileriň ygtybarly we netijeli ulag hyzmatlaryna barha artýan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen häzirki «Kamaz 5490» we «NefAZ-93341» kysymly döwrebap ýarym tirkeg awtoulaglarynda ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär.


Her ýylda geçirilýän «Google I/O» işläp düzüjiler maslahatynyň nobatdaky duşuşygynda «Google» kompaniýasynyň gözleg ulgamyny ösdürmek bölüminiň başlygy Liz Rid täze mehanizmiň işe girizilendigini habar berdi.


Duşenbe güni, 27-nji maýda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagat pudaklarynyň önümleri, şeýle hem gurluşyk serişdeleri ýerlenildi.


Türkmen alymlary topinambur ösümliginden inulin we fruktoza almagyň usullaryny işläp taýýarladylar.
Katar döwletiniň medeniýet ministri, Onuň Alyhezreti Şeýh Abdulrahman bin Hamad bin Jassim ben Hamad Al Tani beýik türkmen şahyry we akyldarynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Aşgabatda geçirilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşdy.


1-nji iýundan başlap Dubaýda bir gezeklik ulanylýan plastik, polietilen hem-de kagyz paketleri ulanmak gadagan ediler.


Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda 24 geleşik hasaba alyndy.