HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

1-nji iýundan başlap Dubaýda bir gezeklik ulanylýan paketler gadagan ediler

Maý 28, 2024 | 09:48 |11092
1-nji iýundan başlap Dubaýda  bir gezeklik ulanylýan plastik, polietilen hem-de 
kagyz paketleri ulanmak gadagan ediler.1-nji iýundan başlap Dubaýda  bir gezeklik ulanylýan plastik, polietilen hem-de 
kagyz paketleri ulanmak gadagan ediler.
Çeşme: uaeintouch.com

1-nji iýundan başlap Dubaýda bir gezeklik ulanylýan plastik, polietilen hem-de kagyz paketleri ulanmak gadagan ediler.

“Köp gezeklik ulanylýan mata torbalarda geçip, özgerişliklere goşuluň” diýip, Dubaý munisipaliteti sosial platforma arkaly şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýüzlendi.

Bu gadaganlyk özünden soň mikroplastik galdyrýan biopaketlere-de degişlidir.

Ýöne gadaganlyk çörekleri, gök önümleri, et, balyk we towuk önümlerini gaplamakda, zir-zibil çeleklerde hem-de egin-eşik ýuwujy kärhanalarda, şeýle hem onlaýn arkaly satyn alynýan elektron enjamlary we önümleri üçin ulanylýan paketlere degişli däldir.

Eger bir gezeklik ulanylýan paket ulanylsa 200 dirhem jerime salynar. Her gezek düzgün bozulanda bu jerime her gezek iki esse artdyrylar.

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap plastiklardan ýasalan kokteýl taýajyklary hem-de bulgurlar, şeýle hem pagta taýajyklary ulanmaklyk gadagan ediler.

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap plastikalardan ýasalan iýmit önümleri üçin konteýnerler we aşhana gap-gaçlary, şeýle hem içgiler üçin bulgurlar we olaryň gapaklary gadagan ediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026