HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmenleri Türkiýede ýer serişdelerini dolandyrmagyň usullary bilen tanyşýarlar

Maý 28, 2024 | 23:27 |10818
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Köpsanly bähbitleri almak üçin Aral deňziniň sebitinde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlyga bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamasynyň çäklerinde BMG-niň FAO guramasynyň “Ýer serişdelerini dolandyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy” taslamasy bilen bilelikde ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we çölleşmä garşy göreşmek ulgamynda tejribe öwrenmek maksady bilen Türkiýe Respublikasyna sapar guraldy.BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Köpsanly bähbitleri almak üçin Aral deňziniň sebitinde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlyga bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamasynyň çäklerinde BMG-niň FAO guramasynyň “Ýer serişdelerini dolandyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy” taslamasy bilen bilelikde ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we çölleşmä garşy göreşmek ulgamynda tejribe öwrenmek maksady bilen Türkiýe Respublikasyna sapar guraldy.
Çeşme: UNDP

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Köpsanly bähbitleri almak üçin Aral deňziniň sebitinde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlyga bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamasynyň çäklerinde BMG-niň FAO guramasynyň “Ýer serişdelerini dolandyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy” taslamasy bilen bilelikde ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we çölleşmä garşy göreşmek ulgamynda tejribe öwrenmek maksady bilen Türkiýe Respublikasyna sapar guraldy.

1.jpg

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Daşky gurşawy goramak we Oba hojalyk ministrlikleriniň, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň ylmy-maglumat merkeziniň wekilleri girdi.

2.jpg

On alty günlük saparyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýeti Türkiýäniň Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we şähergurluşyk ministrliginiň hem-de Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň ýerli müdirlikleriniň görkezme meýdançalaryna baryp gördüler. Adana şäherinde gatnaşyjylar topragyň hasyl berijiligini gowulandyrmak we durnukly oba hojalygy boýunça ýerli başlangyçlar bilen tanyşdyryldy. Konýa şäherinde tokaý zolaklaryny döretmek hem-de suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli taslamalar bilen tanyşdyryldy, Gaziantep şäherinde bolsa wekiliýet agzalaryna şäher we oba jemgyýetçilikleriniň çölleşmäniň öňüni almak we tebigy serişdeleri gorap saklamak üçin bilelikde alyp baran işleriniň netijeleri barada gürrüň berildi, diýlip BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň internet sahypasynda habar berilýär.

3.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026