HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy döwrebap ýarym tirkeglerde ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär

Maý 28, 2024 | 13:05 |9209
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy müşderileriň ygtybarly we netijeli ulag hyzmatlaryna barha artýan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen häzirki «Kamaz 5490» we «NefAZ-93341» kysymly döwrebap ýarym tirkeg awtoulaglarynda ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär.«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy müşderileriň ygtybarly we netijeli ulag hyzmatlaryna barha artýan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen häzirki «Kamaz 5490» we «NefAZ-93341» kysymly döwrebap ýarym tirkeg awtoulaglarynda ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär.
Çeşme: awtoulag.gov.tm

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy müşderileriň ygtybarly we netijeli ulag hyzmatlaryna barha artýan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen häzirki «Kamaz 5490» we «NefAZ-93341» kysymly döwrebap ýarym tirkeg awtoulaglarynda ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär.

«Kamaz 5490» dürli görnüşli ýükleri daşamak üçin niýetlenen köpugurly ulag serişdesidir. Ol Russiýada 2013-nji ýyldan bäri öndürilýär. Agramy 7900 kg we iň ýokary tizligi sagatda 110 km bolan bu ýarym tirkeg awtoulagy ýokary daşaýjylyk mümkinçiligine eýedir we daşalýan wagtynda ýükleriň ygtybarlylygy üpjün edýär. Onuň tehniki aýratynlyklary ýükleriň durnukly we ygtybarly eltilmegini kepillendirmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa ony ýokary hile we netijelilige ähmiýet berýän müşderiler üçin iň amatly ulag edýär.

«NEFAZ-93341» ýarym tirkeg awtoulagy köpçülikleýin peýdalanylýan ýollarda ýük daşamak üçin niýetlenendir. Agramy 33 500 kg bolan bu ulag ykjam ölçegleri we ýokary netijeliligi bilen häsiýetlendirilýär, ol ýük daşamak üçin iň amatly çözgüt hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. «NEFAZ-93341-iň» tehniki mümkinçilikleri ýükleriň howpsuz we ykjam daşalmagyny üpjün edýär.

Kärhana ýüküňiziň howpsuzlygyny hem-de wagtynda eltilip berilmegini üpjün etjek sürüjileriniň tejribesi we ussatlygy esasynda hyzmatyň ýokary derejesini kepillendirýär.

30 tonna ýük göterijiligi bolan awtoulaglar bilen bir sagatlyk hyzmatyň bahasy 150 manat.

Hyzmatlary sargyt etmek ýa-da goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgisi arkaly kärhana bilen habarlaşyp bilersiňiz: +99312760436.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026
Tailand gozgalaňçylaryň hüjümlerinden soň günortadaky howpsuzlygy güýçlendirdi

Tailand gozgalaňçylaryň hüjümlerinden soň günortadaky howpsuzlygy güýçlendirdi

14:00 Awgust 26, 2026
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026