Habarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiTürkmenistanyň Daşary işler ministri gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 29-njy iýulda gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibini, iň ýokary döwlet derejesinde özara saparlar we ýokary derejeli wekiliýetleriň alyş-çalşygy, halkara meýdançalarynda özara gatnaşyklaryň meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Belgiýa Patyşalygynyň futbol assosasiýasy türkmen tälimçilerine we oýunçylaryna tälim bererlerBelgiýa Patyşalygynyň futbol assosasiýasy türkmen tälimçilerine we oýunçylaryna tälim bererler

Belgiýa Patyşalygynyň futbol assosasiýasy türkmen tälimçilerine we oýunçylaryna tälim bererler

Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosasiýasy öz tejribesini türkmen kärdeşleri bilen paýlaşmaga taýyn. Resmi gatnaşyklary ýola goýmak we iki ýurduň futbol federasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin berk esas döretmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Sapar Palwanow bilen RBFA-nyň (Royal Belgian Football Association) direktory Peters Willems ara alnyp maslahatlaşdy.