

Türkmenistanyň halkara gaz bazaryndaky ornuny berkitmek maksady bilen
“Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmenleri ägirt uly “Galkynyş” gaz ýatagynda goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygyny zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli işleýärler. Bu barada wise-premýer Batyr Amanow Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.



















