HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Daşary işler ministri gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iýul 29, 2024 | 21:15 |10321
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 29-njy iýulda gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibini, iň ýokary döwlet derejesinde özara saparlar we ýokary derejeli wekiliýetleriň alyş-çalşygy, halkara meýdançalarynda özara gatnaşyklaryň meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 29-njy iýulda gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibini, iň ýokary döwlet derejesinde özara saparlar we ýokary derejeli wekiliýetleriň alyş-çalşygy, halkara meýdançalarynda özara gatnaşyklaryň meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 29-njy iýulda gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibini, iň ýokary döwlet derejesinde özara saparlar we ýokary derejeli wekiliýetleriň alyş-çalşygy, halkara meýdançalarynda özara gatnaşyklaryň meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde 24-25-nji iýulda Çolpan-Atada geçirilen gyrgyz-türkmen söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara toparynyň VI mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Premýer-ministriň orunbasary – Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy, bu barada Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde bellinildi.

Mundan öň Akorda web sahypasy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň 9-njy awgustda Astana şäherinde geçiriljekdigini habar berdi. Öňki, 5-nji duşuşyk 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Duşanbe şäherinde geçirildi.

Şeýle hem şenbe güni Raşid Meredow täjik kärdeşi Sirojiddin Muhriddin bilen ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara forumlaryň we duşuşyklaryň çäklerinde ýokary derejedäki gatnaşyklary ýola goýmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026