Habarlar

Çehiýa öz işewürlerini oktýabr aýynda Aşgabada ibererÇehiýa öz işewürlerini oktýabr aýynda Aşgabada iberer

Çehiýa öz işewürlerini oktýabr aýynda Aşgabada iberer

Çehiýanyň işewür wekiliýetiniň Aşgabat şäherine sapary şu ýylyň oktýabr aýynda meýilleşdirilýär. Bu missiýanyň Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady işjeňligi höweslendirmek üçin ähmiýeti iki ýurduň daşary işler ministrleri – Raşid Meredow we Ýan Lipawski 26-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda bellediler.

Moskwa şäherindäki Täze Arbatdaky köpgatly binalar Türkmenistanyň baýdagynyň reňkine bezelerMoskwa şäherindäki Täze Arbatdaky köpgatly binalar Türkmenistanyň baýdagynyň reňkine bezeler

Moskwa şäherindäki Täze Arbatdaky köpgatly binalar Türkmenistanyň baýdagynyň reňkine bezeler

27-nji sentýabryň agşamsyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Moskwa şäherindäki Täze Arbat köçesinde ýerleşen köpgatly binalar çyra bezegleri arkaly türkmen milli baýdagynyň reňkine bezeler diýip, Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň ilçihanasynda habar berdiler. Şeýlelikde, Russiýanyň paýtagty Türkmenistanyň baş döwlet baýarmçylygyny gutlar.