

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ABŞ-a gitdi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna resmi sapary 30-njy sentýabrda, duşenbe güni başlandy. Wekiliýetiň düzüminde Halkara ynsanperwerlik ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň prorektorlary, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň wekillerini öz içine alýar. Wekiliýete Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýolbaşçylyk etýär.



















