HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan energetika we senagat ösüşleriniň ýolunda: CIET-2024 hasaba alnyş başlandy

Sentýabr 30, 2024 | 10:00 |51990
2024-nji ýylyñ 3-5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda "Türkmenistanyñ gurluşygy, senagaty we energetikasy" (CIET-2024) atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Sebitiñ işewürlik senenamasynda bu möhüm waka Türkmenistanyñ gurluşyk, energetika we senagat pudagynyñ öñünde duran wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ykdysadyýetiñ dürli ugurlary boýunça tanymal bilermenlerini birleşdirer.2024-nji ýylyñ 3-5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda "Türkmenistanyñ gurluşygy, senagaty we energetikasy" (CIET-2024) atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Sebitiñ işewürlik senenamasynda bu möhüm waka Türkmenistanyñ gurluşyk, energetika we senagat pudagynyñ öñünde duran wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ykdysadyýetiñ dürli ugurlary boýunça tanymal bilermenlerini birleşdirer.
Çeşme: https://ciet-turkmenistan.com/ru

2024-nji ýylyñ 3-5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda "Türkmenistanyñ gurluşygy, senagaty we energetikasy" (CIET-2024) atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Sebitiñ işewürlik senenamasynda bu möhüm waka Türkmenistanyñ gurluşyk, energetika we senagat pudagynyñ öñünde duran wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ykdysadyýetiñ dürli ugurlary boýunça tanymal bilermenlerini birleşdirer.

Çäräniñ gün tertibinde täze infrastruktura taslamalarynyñ tanyşdyrylyşy, elektrik energiýasynda, himiýa we gurluşyk pudagynda maýa goýum mümkinçilikleriniñ maslahatlaşmalary hem-de beýleki işler meýilnamalaşdyrylan.

Arkadag akylly şäheriñ gurluşygynyñ ikinji tapgyryna bagyşlanan ýörite bölümçe maksatnamanyñ möhüm pursatlarynyñ biri bolar. Maslahata gatnaşyjylar gurluşykda we şäher infrastrukturasynda innowasiýalaryñ we sanly çözgütleriniñ ornaşdyrylmagynyñ ýokary nusgasyny görkezýän täze şäheriñ lukmançylyk we gaýtadan işleýiş klasterleri barada maslahatlaşarlar.

Şeýle-de CIET-2024 senagat, gurluşyk we energetika ýaly möhüm pudaklara maýa goýumlaryñ çekilmegine gönükdirilendir. Erkin senagat zolaklarynyñ döredilmegine hem-de turkmen we halkara kompaniýalarynyñ arasynda gatnaşyklaryñ pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet beriler. Mundan başga-da, maslahat we sergi täze işewürlik gatnaşyklarynyñ ýola goýulmagyna; mümkin bolan maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşylmagyna; ykdysadyýetiñ strategik ugurlary boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriñ öwrenilmegine şert döreder. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyşlar başlandy.

Goşmaça maglumat we hasaba durmak üçin https://ciet-turkmenistan.com/ru saýtyna geçiñ.

Çäräniñ guramaçylary hökmünde Türkmenistanyñ Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyñ Energetika ministrligi, Türkmenistanyñ Senagat we gurluşygy önümçiligi ministrligi, "Türkmenhimiýa" Döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de Aşgabat şäheriniñ häkimligi çykyş edýändigini bellemek zerur.

CIET-2024 Türkmenistanyñ Gurluşyk we senagat toplumynyñ işgärleriniñ güni bolan hünär baýramçylyklaryna gabatlap geçirilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

21:13 Iýun 24, 2026
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026