Habarlar

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy birnäçe ylmy çäreleri geçirdiTürkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy birnäçe ylmy çäreleri geçirdi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy birnäçe ylmy çäreleri geçirdi

2024-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ylmy eseriniň türk diline terjime edilen nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Hytaý köpsanly ýurtlaryñ raýatlaryna wizasyz girişi hödürlärHytaý köpsanly ýurtlaryñ raýatlaryna wizasyz girişi hödürlär

Hytaý köpsanly ýurtlaryñ raýatlaryna wizasyz girişi hödürlär

2024-nji ýylyñ 30-njy noýabryndan - 2025-nji ýylyñ 31-nji dekabryna çenli Bolgariýanyñ, Rumyniýanyñ, Horwatiýanyñ, Çernogoriýanyñ, Demirgazyk Makedoniýanyñ, Maltanyñ, Estoniýanyñ, Latwiýanyñ we Ýaponiýanyñ adaty pasport eýeleri üçin synag wizadan boşatmalar hereket eder. Wizasyz bolmak möhleti 2 esse köpeler - 30 güne çenli diýip, HHR-iñ Daşary işler ministrliginiñ wekili Lin Szýan habar berdi.

Türkmenistanda «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly okuw gollanmasy taýýarlanyldyTürkmenistanda «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly okuw gollanmasy taýýarlanyldy

Türkmenistanda «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly okuw gollanmasy taýýarlanyldy

Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly şahsyýetdir, maşgaladyr, jemgyýetdir, döwletdir. Akyldar şahyrymyzyň tutuş döredijiligi şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň we tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmeklige gönükdirilendir» diýen sözlerinden ugur alyp Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek bilen baglanyşykly döwletimizde düýpli işler alnyp barylýar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna hytaý dilindäki kitaplary gowşurdyHytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna hytaý dilindäki kitaplary gowşurdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna hytaý dilindäki kitaplary gowşurdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna hytaý dilindäki kitaplaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu guramaçylykly geçirilen çäräniň baş maksady Türkmenistanda hytaý diliniň öwredilişine ýardam bermek bolup, berlen kitaplar institutyň talyplary üçin uly sowgat boldy.