Hytaý ASEAN, MA we ŞHG ýurtlary bilen sanly söwdany pugtalandyrmagy maksat edinýär


Hytaý Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyñ Assosiasiýasy (ASEAN), Merkezi Aziýa, BRICS (dokuz döwletiñ bileleşigi: Braziliýa, Russiýa, Hindistan, HHR, GAR, BAE, Eýran, Müsür we Efiopiýa) ýurtlary we Şanhay Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ agza-ýurtlary bilen sanly söwda ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýär.
Bu barada penşenbe güni Hytaýyñ Kommunistik Partiýasynyñ Merkezi komiteti we HHR-iñ Döwlet Geñeşi tarapyndan neşir edilen "Sanly ykdysadyýetiñ özgerişi we innowasion ösüşi baradaky pikirler" diýen resminamada aýdylýar.
Resminama laýyklykda, Hytaý döwleti sanly ykdysadyýetiñ halkara düzgünlerini işläp taýýarlamaga gatnaşmakçy.
Şeýlelikde, 2035-nji ýyla sanly görnüşde hödürlenilýän hyzmatlar söwdasynyñ möçberi Hytaýdaky hyzmatlar söwdasynyñ umumy möçberinden 50 % düzer. Mundan başga-da, ýurtda sanly söwdany dolandyrmagyñ düzgünleşdirilen, howpsuz we netijeli ulgamy dolulygyna düzüler.
Şeýle-de, Hytaý sanly ösüşiñ açyk, dogruçyl, adalatly we hukuklary kemsidirijisiz gurşawyny döretmek maksady bilen Bütindünýä söwda guramasynyñ, G20 (Ýigrimlik topary), Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygyñ (AÝYH) işine hem-de sanly söwdanyñ düzgünlerini işläp taýýarlamagyñ beýleki köptaraplaýyn we sebitleýin proseslerine işjeñ gatnaşmagy meýilleşdirýär.
Sanly söwda ulgamy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ Hytaý bilen hyzmatdaşlygy geçen ýyl maý aýynda Sian şäherinde (HHR) "Merkezi Aziýa -Hytaý" birinji sammitiniñ çäklerinde gol çekilen degişli Ähtnamasynda göz öñünde tutulan.
ORIENT news








