

Marokkoda 50 ýylyň içinde ilkinji gezek gar ýagdy
2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Marokkoda üýtgeşik tebigy hadysa bolup geçdi: ýurtda 50 ýylyň içinde ilkinji gezek gar ýagdy diýip, Maghreb Arabe Press habar berýär.


2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Marokkoda üýtgeşik tebigy hadysa bolup geçdi: ýurtda 50 ýylyň içinde ilkinji gezek gar ýagdy diýip, Maghreb Arabe Press habar berýär.


2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Täjigistan resmi ýagdaýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmek işine girişdi. Bu ozal 2011-nji we 2018-nji ýyllarda başlyklyk eden ýurt üçin möhüm döwürdir.


Hindistanyň Air India dünýäniň öňdebaryjy awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Airbus A350, Boeing 787-9 we Airbus A321 neo uçarlarynyň käbirleri tarapyndan amala aşyrylýan içerki we halkara gatnawlarynyň uçarlarynda mugt Wi-Fi simsiz ulgam hyzmatynyň girizilendigi barada habar berdi.


2-nji ýanwarda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.


"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2025-nji ýylyñ 2, 3, 4-nji ýanwaryna meýilleşdirilen Moskwa-Aşgabat gatnawyna biledi bar bolan ýolagçylaryñ dykgatyna uçuşyñ senesiniñ geçirilýändigi barada habar berýär.


9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hindi kinosynyň aýdym-saz agşamsy geçiriler.


1-nji ýanwarda Şweýsariýanyň Maliýe ministri Karin Keller-Zutter ýurduň Prezidenti wezipesine girişdi, onuň ygtyýarlyk möhleti 2025-nji ýylyň ahyrynda tamamlanýar diýip, TASS habar berýär


Aşgabadyň “Berkarar” söwda-dynç-alyş merkezinde “2024-nji ýylyň iň gowy restorany” atly sms arkaly ses-bäsleşigi tamamlandy. Merkeziň ikinji gatynda ýerleşen “MB” restorany bu bäsleşigiň ýeňijisi boldy.


Saud Arabystany 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girýän ähli elektron enjamlar üçin kuwwat beriji protlaryň hökmany standartynyň girizilmegi barada habar berdi.


2024-nji ýylda dünýäniň ilat sany 8,156 mlrd adama barabar bolup, öz rekord görkezijisine ýetdi.


Türkmenistany ösdürmekde geçen ýylyň netijeleri we geljek üçin meýilnamalar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň watandaşlaryna baýramçylyk gutlagynda beýan edildi. Döwlet baştutany öz çykyşynda BMG Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyldaky ileri tutulýan ugurlary görkezip, 2024-nji ýylyň esasy üstünliklerine ünsi çekdi


2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Rumyniýa we Bolgariýa resmi ýagdaýda Şengen zolagyna goşuldylar.


1-nji ýanwarda Döwletliler köşgünde guralan Täze ýyl dabarasynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sowgatlar gowşuryldy


Türkmenistanda halk aýdymlarynyň ýerine ýetiriş däpleri gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar we bagşyçylyk sungaty milli baýlyk hökmünde ykrar edildi we ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu sungatyň görnükli wekillerinden biri – döredijilik ýoly ýurtda professional aýdym-saz sungatynyň emele gelen döwrüne gabat gelen sazanda we kompozitor Sahy Jepbarowdyr


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Oguldurdy Baýramowa Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Geljege bilelikde gadam basmak: Merkezi Aziýa we ABŞ – Energetika we daşky gurşawy goramak” atly sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy.