HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-da başlyklyk etmeklik Täjigistana geçirildi

Ýanwar 03, 2025 | 12:40 |5800
2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Täjigistan resmi ýagdaýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmek işine girişdi. Bu ozal 2011-nji we 2018-nji ýyllarda başlyklyk eden ýurt üçin möhüm döwürdir.2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Täjigistan resmi ýagdaýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmek işine girişdi. Bu ozal 2011-nji we 2018-nji ýyllarda başlyklyk eden ýurt üçin möhüm döwürdir.
Çeşme: ru.euronews.com

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Täjigistan resmi ýagdaýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmek işine girişdi. Bu ozal 2011-nji we 2018-nji ýyllarda başlyklyk eden ýurt üçin möhüm döwürdir.

Başlyklyk etmekligiň çäklerinde Täjigistan ýylyň dowamynda geçiriljek 113 sany çäreleri meýilleşdirdi. GDA-nyň işini gowulandyrmak, şol sanda howpsuzlyk we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşmagyna aýratyn üns beriler. Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon howpsuzlyk bilen baglanyşykly töwekgelçiliklere we howplara garşy göreşmekde GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny berkitmek meselesi esasy wezipeleriň biri boljakdygyny belledi.

Respublikanyň premýer-ministri Kohir Rasulzoda Moskwada dekabr aýynda geçirilen GDA ýurtlarynyň hökümet başlyklarynyň mejlisinde Täjigistanyň GDA ýurtlarynyň arasyndaky özara söwdasynda entegem bar bolan çäklendirmeleriň aýrylmagy üçin çykyş edip, şeýle hem Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmeklik ýurduň tagallalarynyň esasy ugurlarynyň biri boljakdygyny belledi. Mundan başga-da, respublika GDA ýurtlarynyň hökümet başlyklary tarapyndan agyr maşyn gurluşygy ösdürmekde hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga ýetmegi hem-de oňa gol çekilmegini meýilleşdirýär.

Şeýle-de, möhüm medeni çäre boljak Beýik Watançylyk urşunyň 80 ýyllygyny bellemegi göz öňünde tutýar. 2025-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçiriljek GDA-nyň we BMG-niň bilelikdäki çäresi hem möhüm ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, buzlyklaryň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerinden gorap saklanylmagyna gönükdirilen teklipler bilen halkara arenada işjeň çykyş edýän ýurt hökmünde Täjigistan bu mowzuk boýunça GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň beýannamasyny kabul etmek başlangyjyny öňe sürýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026