HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň möhüm netijeleri we meýilnamalary: Prezidentiň Täze ýyl gutlagynyň esasy ugurlary

Ýanwar 02, 2025 | 13:30 |7725
Türkmenistany ösdürmekde geçen ýylyň netijeleri we geljek üçin meýilnamalar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň watandaşlaryna baýramçylyk gutlagynda beýan edildi. Döwlet baştutany öz çykyşynda BMG Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyldaky ileri tutulýan ugurlary görkezip, 2024-nji ýylyň esasy üstünliklerine ünsi çekdiTürkmenistany ösdürmekde geçen ýylyň netijeleri we geljek üçin meýilnamalar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň watandaşlaryna baýramçylyk gutlagynda beýan edildi. Döwlet baştutany öz çykyşynda BMG Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyldaky ileri tutulýan ugurlary görkezip, 2024-nji ýylyň esasy üstünliklerine ünsi çekdi
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistany ösdürmekde geçen ýylyň netijeleri we geljek üçin meýilnamalar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň watandaşlaryna baýramçylyk gutlagynda beýan edildi. Döwlet baştutany öz çykyşynda BMG Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyldaky ileri tutulýan ugurlary görkezip, 2024-nji ýylyň esasy üstünliklerine ünsi çekdi.

2024-nji ýylyň netijeleri: gurluşykda, ykdysadyýetde, medeniýetde

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçen 2024-nji ýyl ýurduň ösüşinde möhüm tapgyr boldy. Esasy üstünlikleriň arasynda:

Infrastruktura taslamalary: häzirki zaman mekdepleriniň, sport desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, lukmançylyk merkezleriniň açylmagy. Şeýlede Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de beýleki lukmançylyk edaralary işe girizildi. Birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň dowam etdirilýändigine aýratyn üns berilýär.

Energetika we ulag: Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berildi, energetika we ulag-kummunikasiýa pudagynda uly göwrümli desgalaryny gurmak, Bäherden hem-de Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, täze elektrik stansiýalary şol sanda Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we beýlekiler işe girizildi.

Ynsanperwer ugurda: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli halkara forumy we Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň maksatnamasynyň geçirilmegi. “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň we akyldar şahyryň ýadygärliginiň açylmagy.

Halkara giňişlikde ýurduň sport abraýyny ýokarlandyrmak: BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamasy kabul edildi. Aşgabat şäheri GDA-nyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýlip yglan edildi.

2025-nji ýyl üçin meýilnamalar

Döwlet baştutany, ilkinji nobatda, durmuş ugurda ileri tutulýan ugurlary beýan etdi. Hususan-da, 1-nji ýanwardan başlap zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp haklaryny 10% ýokarlandyryldy.

“Ilatyň saglygyny goramakboýunça işler geljekde-de döwletiň üns merkezinde bolar”.

“Biz elmydama ylymly-bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga uly üns bereris”.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine we Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleri gurnap, dünýä giňişliginde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda işjeň gatnaşmagyny dowam etdirer.

Ykdysady ösüşde, pudaklary döwrebaplaşdyrmaga we oba hojalyk işgärlerine goldaw berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlagyny 2025-nji ýylda Türkmenistana täze belent sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berjek halkyň zähmetine we güýjüne umyt bildiriji sözleri bilen tamamlady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026