

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 11 geleşik hasaba alyndy
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 11 geleşik hasaba alyndy.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 11 geleşik hasaba alyndy.


Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.


Forumyň bürünç hyzmatdaşy bolan “Karub” türk kompaniýasynyň gatnaşmagy çärä aýratyn ähmiýet goşýar. “Karub” özüniň innowasion çemeleşmeleri we üstünlikli taslamalary bilen belli bolup, çäräniň halkara derejesini we onuň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde wajyplygyny açyp görkezýär.


ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň taryhynda ilkinji gezek, iňlis dilini federal derejede resmi dil hökmünde ykrar edýän permana gol çekdi.


Onuñ kömegi bilen abonentler Mukaddes Remezan aýynda her günki agyz beklenilýän we agyz açylýan wagt tertibi bilen tanşyp bilerler.


Türkmenistanly zehinli skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň ady eýýäm Watanymyzyň çäklerinden daşda-da mälimdir. Ol M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Russiýanyň sazçylyk Akademiýasynyň assistentura-stažirowkasynyň uçurymy, halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi, simfoniki orkestriň we kirişli kwartetiniň solisti, konserwatoriýanyň kirişli saz gurallar kafedrasynyň mugallymy bolup, ýaşdygyna garamazdan, eýýäm diňleýjileriň söýgüsini we kärdeşleriniň hormatyny gazanmagy başardy


28-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirdi


Fewral aýynyň 25-ne Aşgabat şäherinde Halkara söwda merkeziniň (HSM) Ýewropa Bileleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa” atly taslamasynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre, dünýä standartlaryna laýyklykda serhetara söwdasyny alyp barmak üçin şertleri kämilleşdirmek boýunça çäreleri Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirmekde möhüm tapgyrlaryň biri boldy


1-nji martda Aşgabatda ilkinji gezek Fransuz instituty we Türkmenistanyñ Küşt federasiýasy tarapyndan guralan gyzykly okgunly turniri geçirildi


"Elektronika dünýäsi" durmuş tehnikasy we elektronika dükany 3-23-nji mart aralygynda "Bosch kompaniýasynyñ adyndan alada edýändigiñi we üns berýändigiñi görkez" atly aksiýasyny geçirýär. Aksiýanyñ çäklerinde ulanyjylara Bosch brendiniñ ähli harytlaryna 10 % arzanlaşyklar hödürlenýär.


28-nji fewralda Türkmenistanyň BMG-na agza bolmagynyň 33 ýyllygy, hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda sanly ulgam arkaly «Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahaty guraldy


“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny mart aýynyň 31-ne çenli uzaltdy. Bu barada daşaýjynyň baş agentiniň Russiýadaky metbugat gullugy habar berýär.


“Berkarar” söwda we dynç-alyş merkezinde SMS arkaly ses berilşik tamamlanyp, satyn alyjylar iň gowy dükany saýladylar. Bir aýyň dowamynda olar 0530 belgä SMS ýollap, özüniň gowy görýän dükanlaryna goldaw berip bildiler.


Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) 2025-nji ýylda mukaddes Remezan aýynyň başlanylmagyny takyk kesgitlemek üçin emeli aňly dronlar ulanyldy.


Aşgabatda şu ýylyň 18-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň hususy bölegine maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumyna taýýarlyk görülýär. Çärede hususy bölekde ygtybarly maýa goýum mümkinçiliklerine we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine serediler, uzak möhletleýin maýa goýumlar üçin ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklary hödürlener.