HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Tramp ABŞ-da iňlis dilini döwlet dili hökmünde ykrar etmek baradaky permana gol çekdi

Mart 03, 2025 | 09:30 |5865
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň taryhynda ilkinji gezek, iňlis dilini federal derejede resmi dil hökmünde ykrar edýän permana gol çekdi.ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň taryhynda ilkinji gezek, iňlis dilini federal derejede resmi dil hökmünde ykrar edýän permana gol çekdi.
Çeşme: Getty images

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň taryhynda ilkinji gezek, iňlis dilini federal derejede resmi dil hökmünde ykrar edýän permana gol çekdi. Ozal iňlis diliniň bu derejesi diňe aýry ştatlarda berkidilendi. ABŞ-nyň taryhynyň dowamynda ähli resminamalar, şol sanda Konstitusiýa we Garaşsyzlyk jarnamasy iňlis dilinde ýazylan hem bolsa, ýurtda kanunçykaryjy derejesinde resmi dil hiç haçan ýok diýen ýalydy.

Iňlis dili ABŞ-nyň 50 ştatynyň 32-de resmi dil hökmünde ykrar edilen diýip, iňlis diline resmi derejesiniň berilmeginiň tarapdarlary bolan ProEnglish topary hasabatyny çykardy. “Birleşen Ştatlarda eýýäm öňden bäri iňlis dilini resmi dil diýip ykrar etmegiň zerurlygy ýüze çykdy” – diýlip, permanda aýdylýar. Şeýle-de resminamada ABŞ-da 350-den gowrak diliň ulanylýandygyna garamazdan, umumy diliň “milli jebislige ýardam berýändigi” barada aýdylýar.

Hökümetiň 2019-njy ýylyň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň takmynan 68 mln ýaşaýjylary öýlerinde iňlis dilinde gürleşmeýärdi. Olaryň köpüsi ispan dilinde gürleşýärdi: olaryň sany 40 mln kän. Tramp ozal Jo Baýdeniň administrasiýasynyň immigrasiýa syýasatyny tankyt edende, iňlis dilini döwlet dili diýip yglan etmek mümkinçilikleri barada maslahatlaşýardy.

Özüniň täze permany bilen Tramp, 2000-nji ýyldaky Bill Klintonyň federal býujetden kömek alýan iňlis dilini bilmeýän raýatlaryň ýüz tutanlarynda, federal edaralary we guramalary terjimeçilik kömegine borçlandyrýan permanyny ýatyrdy. Indi beýleki dillerde hyzmatlary hödürlemegi isläp-islemeýändiklerini pudaklaýyn edaralaryň özi çözer.

Prezidentiň administrasiýasynda habar berilşine görä, permanyň maksady – iňlis dili başdan ene dili bolmadyk, emma ony öwrenip, geljekki nesillere ýetiren amerikalylara hormat goýmak hem-de şu köptaraply dil arkaly özüniň amerika arzuwyny durmuşa geçirip biljek immigrantlaryň özüne bolan ynamlylygyny artdyrmakdyr.

Tramp bir aýdan gowrak mundan ozal Ak tama gaýdyp geldi we bu döwrüň içinde köpsanly permanlara gol çekdi. Olaryň köpüsi “Amerikany gaýtadan beýik etmeli” diýen şygarynda beýan edilen Trampyň konserwatiw dünýägaraýşyny şöhlelendirýär.

Şeýlelikde, Tramp Meksika aýlagyny Amerika diýip atlandyrmak barada tabşyryk berdi, Alýaskada ýerleşýän Amerikanyň iň beýik belentligine ABŞ-nyň 25-nji prezidenti respublikançy Uilýam Makkinliň ady mynasybetli Makkinli adyny gaýtaryp berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026