

2023-nji ýylyň gyşy noldan aşakda bolan derejedäki rekordlary bilen Türkmenistanyň howa maglumatlarynyň taryhyna girer
Şu günler Türkmenistany adatdan daşary aýazly howa gurşap aldy, ýurduň käbir sebitlerinde bolsa noldan aşak derejedäki rekord görkezijiler bellige alyndy. Mysal üçin, şu gün irden paýtagtyň “Täze Zaman” ýaşaýyş toplumynda howanyň derejesini ölçeýjiniň görkezijisi -20 gradusy görkezdi, Aşgabadyň etegindäki Ýanbaşyň ýaşaýjylary bolsa -18 gradusy bellige aldylar.



















